Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa owgan urşuna goldaw missiýasyny soňlaýar


Ýaponiýa şu gün özüniň Hindi okeanynda Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky owgan urşuna goldaw üçin harby deňiz flotuna ýangyç guýmak missiýasyny soňlaýar.

Ýaponiýanyň Konstitusiýasy daşary ýurtdaky urşa goşun ibermäge mümkinçilik bermänsoň, 2001-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Birleşen Ştatlara edilen terror hüjümlerinden soň, ýangyç guýýan gämileriň iberilmegi üçin hem ýörite kanun kabul etmeli bolupdy.

Şol gämilere berlen kanuny ygtyýarlyk şu gün soňlanýar.

Ýaponiýada sentbýarda häkimiýete gelen täze hökümet Birleşen Ştatlardan has garaşsyz diplomatik kursy wada berdi we bu missiýanyň mandatyny uzaltmady.
XS
SM
MD
LG