Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet yslamçy jeňçilere Gürjüstanda tälim berlendigini aýdýar


Orsýet Çeçenistanda we oňa golaý beýleki regionlarda hüjüm etmeli pitneçilere goňşy Gürjüstanda tälim berilýändigini aýdýar.

Rus resmileri ozal demirgazyk Kawkazda soňky aýlarda has aktiwleşen yslamçy jeňçilere daşary ýurtdan maliýe hem tälim kömeginiň berilýändigini aýdypdy.

Emma indi Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki RIA Nowosti habar gullugy Orsýetiň Içeri işler ministriniň orunbasary Arkadiý Edelewe salgylanyp, jeňçileriň Gürjüstandaky harby bazada tälim alýandygyny aýdýar.

Ol bu sözleri Wladikawkazda eden çykyşynda aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG