Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gaitä ýetişmeli kömekler kynçylyk çekýär


Weýrançylykly ýer titremesinden soň Haitä ýetişmeli kömekleriň gijikmegi bu mesele bilen bagly lapykeçligiň artmagyna sebäp bolýar.

Halas ediş toparlary we azykdyr derman-däri, geýim-gejim we beýleki zerurlyklar gelmäge başlady, ýöne olar edil Gaitä gelip girmekde kynçylyk çekýärler.

Ýurduň çaklaňja uçar meýdanynyň üstünde uçarlar gonmak üçin nobata durýarlar we bu ýerde olara ýangyç guýmak üçin ýeterlik benzin hem ýok.

Ýurduň esasy portuna uly zyýan ýetipdir, ýollar bolsa baglangy. Ýer yranmasynda ölenleriň jesetleri ýollarda üýşüp ýatyr, aman galanlaryň köpüsi üçünji gijäni ýumurulan paýtagtda penasyz geçirdi.

Halkara Gyzyl haç guramasy sişenbe güni bolan ýer yranmasynda 50 müňe çenli adamyň ýogalandygyny çaklaýar.

Prezident Barak Obama düýn Birleşen Ştatlaryň taryhynda iň uly kömek tagallalarynyň birini, 100 million dollardan başlanýan ýardamy yglan etdi.

Floridadan gelen halas ediş toparyndan Luiz Fernanades munuň 20 ýylda gören iň erbet betbagtçylygydygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG