Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Problema maglumat ýoklugynda däl, aşa köplüginde"


Kristmas güni bir Amerikan ýolagçy uçaryny partlatmak üçin bolan synanyşyk Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklarynyň işindäki köp zatlaryň sorag astyna alynmagyna getirdi.

Prezident Barak Obamanyň pikiriçe, Al-Kaýda işleýänlikde güman edilýän bir adamyň uçara münmeginiň öňüniň alynmanlygynyň sebäbi aňtaw gulluklarynyň arasynda birek-birege maglumat ýetirmek işiniň doly amala aşmanlygyndan.

Ak Tamyň aýtmagyna görä, problema maglumat ýoklugynda däl-de, gaýta maglumatlaryň aşa köplüginde. Kontrterrorizm we aňtaw ekspertleriniň köpüsiniň garaýşyça-da, Birlşen Ştatlaryň aňtaw gulluklarynyň häzirki ýüzbe-ýüz bolýan iň uly kynçylyklarynyň biri şu.

“Biz aşa köp maglumatyň toplanmagyny howpsuzlandyrmak üçin gaty köp pul çykdajy etdik. Maglumat toplaýan ýeke Merkezi Razwedka Gullugy däl. Bu işi Pentagon we Milli Howpsuzlyk Gullugy-da edýär. Maglumat näçe köp bolsa, olary elekden geçirip saýlamak hem şonça kyn bolýar” diýip, Merkezi Razwedka Gullugynyň öňki agenti Jak Raýs (Jack Rice) aýdýar.

2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda bolan hüjüm Birlşen Ştatlaryň aňtaw töwereklerinde köp zatlaryň üýtgedilip, köp zatlaryň täzeden gurnalmagyna sebäp boldy. Ýurduň serhetlerine gözegçilik üçin Watan Howpsuzlygy Departmenti diýilýän täze edara döredildi. Merkezi Razwedka Gullugy (CIA-niň) ornuny alan täze Milli Kontrterrorizm Merkezi (NCTC) we Milli Aňtaw Direktorynyň býurosy guruldy.

Federal Derňew Býurosy (FBI), Merkezi Razwedka Gullugy (CIA), Milli Howpsuzlyk Gullugy (NSA), Goranyş Aňtaw Gullugy, Maliýe Ministrligi, şeýle hem potensial terror howpy barada maglumat toplaýan beýleki 16 gullugyň üstünden garaýan Milli Kontrterrorizm Merkezi.

DNI, CIA we FBI

Fred Burton ozal Döwlet departmentinde işlän kontrterrorizm spesialisti. Onuň aýtmagyna görä, Merkezi Razwedka Gullugy ýurt daşynda iş alyp barýan esasy gulluk hökmünde öz ornuny Milli Kontrterrorizm Merkezine bermeli bolandygyna häzirem gaharda: “Kimiň nirä, nämä kontrollyk etmegi barada dürli gulluklaryň arasynda gidýän gazaply bäsleşikler Waşingtonda täze zat däl. DNI, CIA we FBI arasynda şular ýaly güýçli bäsleşikler häzirem ýok däl. 11-nji sentýabr hüjüminden soň dörän ýagdaýda biz bular ýaly meseleleriň bolmazlygyny isleýäris. Ýöne, gynansak-da, bar”.

Öten hepde howpsuzlyk ýagdaýy täzeden gözden geçirilenden soň, Prezident Obama aňtaw gulluklarynyň işlerinde köp zatlaryň üýtgedilmegini buýurdy. Ýöne ekspertleriň aglabasy: “Edilmeli iş duşmanyň kimdigine, onuň nämelere ukyplydygyna bütinleý täzeden baha bermek” diýýär.

Olaryň biri Georgetown Uniwersitetiniň howpsuzlyk barlaglary boýunça professor Brýus Hoffman: “Meniň pikirimçe, problema aňtaw gulluklarynyň maglumat alyşmagy ýa ýolagçylary ekranda barlamagyň tehnologiýasyny gowulandyrmagyň çäginden aňryk geçýär. Biziň etmeli işimiz Al-Kaýdanyň etjek işlerini öňünden aňyp, ondan ökde çykmak”.
XS
SM
MD
LG