Sepleriň elýeterliligi

Indi dört günden bäri Gaiti halky öýsüz-öwzarsyz ýa-da çalamydar kepbelerde ýaşap gün görýär. Sebäbi bu ýurtda birnäçe gün mundan öň soňky 200 ýylyň dowamyndaky iň güýçli ýet titremesi boldy.

Şol bir wagtyň özünde-de ýer yranmada ejir çekenlere dünýäniň dürli döwletlerinden ýardam gelip gowuşýar, ýöne kömekleri paýlamakda kynçylyga duçar bolunýandygyny-da habarçylar mälim edýärler. Gazaba münen adamlar bolsa bu ýagdaýdan nägile bolup, gatnaw ýollary bekläp, halas ediş işleriniň tizleşdirilmegini talap etdiler.

Tebigy betbagtçylykda diri galan Eloisa Estimable başyna inen agyr ýagdaý hakynda şeýle diýýär: «Ähli maşgala agzalarym heläk boldy, ýegenim, aýal doganym, daýzam we ejem öldüler, öýmüz bolsa ýumruldy, kellämi sokara sümelge ýok, adamlaryň ählisi şeýle ýagdaýda, men hökümetiň näme iş bilen meşgullanýandygny biljek bolýaryn».

14-nji ýanwarda Gaitiniň paýtagty Port au Prinse baran BMG-niň Baş sekretarynyň parahatçylygy goramak boýunça kömekçisi Edmond Mulet halkara tagallalaryny ýerinde koordinirlemäge synanyşýar.

Arassa agyz suwunyň, azyk-iýmitiň we däri-dermanlaryň zerur ýetirilmeli ýardamlardygyny kömek beriji topar aýdýar.

Floridadan halas ediji korpusyň kapitany Luis Fernandez kesekleriň aşagynda diri galanlary halas etmek üçin öz toparynyň çalt hereket edýändigini aýdýar: «Bu berbatçylyk geçen 20 ýylyň dowamynda şaýat bolan iň aýylganç ýer yranmasy. Mümkinçiligimize göra işimizi dowam etdirýäris. halas etmek boýunça toparymda 20 ýyldan gowrak terjribesi bolan adamlar bar, şol tejribä görä ýer yranmadan 10, 12 ýa-da 14 gün geçenden soňam kesekleriň aşagynda diri galanlary çykaryp bolýandygyny bilýäris».

Ýitgi uly

Sişenbe güni rihter ölçeginde 7 bala barabar bolan ýer yranmada 45 müň bilen 50 müň aralygynda adam pidasynyň bolandygyny “Halkara Gyzyl Haç” guramasy çak edýär. BMG 3,5 million ilatyň ýer titremeden ejir çekendigini aýdýar.

Halas ediji topar Birleşen Ştatlardan, Orsýetden, Ýewropadan, Hytaýdan, Kanadadan we Latyn Amerikasy döwletlerinden Gaita baryp, ejir çekenlere ýardam berýärler.

Waşingtonda Amerikan prezidenti Barak Obama: «Ýakyn taryhymyzdaky iň uly halas ediş içini gurnap, Gaiti halkyna uly möçberde ýardam ederis» diýip, söz berdi. Ýöne ýollaryň, aeroportuň we gämi duralgalaryň ýumrulany üçin ýardamlaryň doly gowuşmagy üçin birnäçe günüň gerek bolmagy mümkin diýip, Obama sözüne goşdy.

BMG-niň gyssagly kömekleri ýetirmek baradaky koordinatory John Holmes tizara bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanyp, ähli döwletler Gaiti halkyna ýardam ýetirmeli diýdi: «Ýerli medisina infrastruktura agyr zyýan ýetdi, ýaralylary bejermäge doktor we medisina topary zerur, göçme keselhanalar ýerleşdirilmeli, däri-derman kömegini ýetirmeli, esasy gerek zat agyz suwy, azyk-iýmit we çadyr».

«Time» žurnalynyň fotohabarçysy iň azyndan iki köçede ölen adamlaryň jesetleriniň köçede ýatandygyny görendigini we pida bolanlara kömek berilmeýändigini “Reýter” habar agentligine mälim edipdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG