Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

RFE/RL puştun dilinde efire berip başlady


"Radio Maşaalyň" emblemasy
"Radio Maşaalyň" emblemasy

15-nji ýanwarda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy (RFE/RL) Päkistan we bu ýurt bilen Owganystanyň serhedindäki etraplar üçin puştun dialektindäki gepleşikleri efire berýän “Radio Maşaal” stansiýasyny ýola goýdy.

Täze açylan stansiýa regiondaky yslamçy ekstremist radio stansiýalarynana alternatiw habar çeşmesi bolup hyzmat eder.

“Päkistanyň tire-taýpa regionlary üçin dogry, obýektiw habarlar we maglumatlar gyssagly zerur” diýip, ABŞ-nyň Owganystan we Päkistan boýunça ýörite wekili Riçard Holbrýuk aýtdy. “Radio Maşaalyň ýerli dildäki professional žurnalistika ygrarlylygy regiondaky parahatçylyk, ylalaşyk we demokratiýa üçin uly goşant bolar”.

Ilkinji gepleşik 15-nji ýanwarda ýerli wagt bilen sagat 16-00-da efire berildi. “Radio Maşaalyň” habarçylary terrorçylyk, syýasat, zenan dünýäsi we saglyk boýunça ýerli we halkara habarlary diňleýjilere ýetirerler. Şeýle hem täze radiostansiýa syýasatçylar, ýerli tire-taýpa liderleri bilen söhbetdeşlikleri, tegelek stol gepleşiklerini efire berer. Gullugyň Web sahypasy gepleşikleri internet arkaly diňlemäge mümkinçilik berer.
XS
SM
MD
LG