Sepleriň elýeterliligi

Türkmen telewideniýesinde we radiosynda milli aýdym-sazlaryň orny barada Şwesiýada ýaşaýan ýazyjy A.Welsapar bilen geçirilen gürrüňdeşlik. Söhbetdeşligi alyp barýan Azatlyk Radiosyndan Guwanç Gere.

Azatlyk Radiosy: Ak Muhammet, siz Türkmenistanyň habar serişdelerinde garaşsyzlyk döwründe türkmen aydym-sazlarynyň düşen ýagdaýy dogruda nähili pikirde?

Ak Welsapar
A.Welsapar:
Türkmen aýdym-sazlary garaşsyzlyk döwründe resmi suratda ýekirildi, harlandy, oňa öz möwritini ötüren, gerekmejek zat hökmünde garaldy. Bu iş S.Nyýazow hem köşk ýaranjaňlary tarapyndan gurnaldy. ”Türkmenbaşy” diýlip at berlen adam iş ýüzünde türkmeniň milli sungatynyň duşmany bolup çykdy.

Eýse, munuň sebäbi nämedi? Onuň birnäçe sebäbi bar. Birinjiden, çagalykdan gulagy ganyp, gözleri öwrenişmänsoň, türkmeniň milli sungaty, şol sanda halk aýdym-sazlary-da S.Nyýazowa düýbünden ýat bolup göründi. Ikinjiden, bu onuň syýasy ambisiýalary bilen bagly bolsa gerek. Ol her edip, hesip edip, halkyň aňyna hemişelik girmek isledi. Özüni milletiň atasy hem ýeriň göbegi hasaplady.

Şol bir wagtyň özünde-de halk aýdymlarynda onuň ady ýokdy we bolubam biljek däldi. Sebäbi halk aýdymlary köne döwürde döredilen. Onsoň, geçmişe gidip, halk aýdymlaryna girip bilmejegini, halk aýdymlary barka-da özi hakdaky ýuwan aýdymlaryň ýol almajagyny bilensoň, ol halk aýdym-sazlaryny ýok etmegiň kül-külüne düşdi. Telewideniýeden eden çykyşlarynyň birinde onuň: “Ol aýdymlary biz garypkak aýdýardyk, indi bize ol aýdymlar, dutar gerek däl” diýeni meniň ýadymda.

Azatlyk Radiosy: Eýse, halk aýdymlaryny ýok etmek mümkinmi? Taryhda munuň ýaly zat ozal, heý, boldumyka?

A.Welsapar: Elbetde, halk aýdymlaryny ýok etmek mümkin däl, ýöne taryhda şeýle synanyşyklary eden soltanlar, patyşalar, imperatorlar bolupdyr. Mysal üçin, ýalňyşmasam, gadymy Hytaý imperatorlarynyň biri şeýle synanyşygy edipdir. Köşk ýaranjaňlary ony “sen beýik” diýip, şeýle bir ynandyrypdyrlar welin, ol soňra “Taryh diňe menden başlanmaly” diýip, başlapdyr we hatda öz ejesinem öldürdipdir. Ýagny, hamana, ondan öň hiç kim bolmaly dälmiş, ol hiç kimiň dowamy dälmiş.

“Türkmenbaşy” diýlip mahabatlandyrylan adamynyň türkmen halk aýdym-sazlarynyň köküne palta urmagy-da, Türkmenistan respublikasyny berkarar eden Gaýgysyz Atabaýyň adyny, ýadygärligini ýok edip, basga düşüp ýörmesi-de, şol gadymy paranoik imperatory ýatladýar.

Azatlyk Radiosy: Indi soňky ýyllara gelsek, halk aýdym-sazlary ýene-de radiodan we telewideniýeden ýaňlanýp başlady. Ozal gadagan edilen aýdymçylaryň hem indi atlary çykýar. Mysal üçin, Türkmenistan radiosyndan we telewideniýesinden meşhur bagşylar Sahy Jepbaryň, Orazgeldi Ylýasyň, şonuň ýaly-da meşhur estrada aýdymçylarynyň aýdymlary ýaňlanyp ugrady. Emma, şol bir wagtyň özünde-de, bize gowuşýan maglumatlara görä, Annagül Gurdowa, Akyş Saparow yaly ilhalar aýdymcylaryň entegem efire cykarylmaýandygy aýdylýar. Muňa nähili garaýarsyňyz?

A.Welsapar: Bu, elbetde, ýaramaz ýagdaý. Annagül Gurdowa bilen Akyş Saparow häzirki zaman türkmen aýdymlarynyň taryhyna giren adamlar. Olary aýdym-saz sungatyndan eden-etdilik bilen ýok etjek bolmak nädogry iş. Umuman, bu çäräniň özi maňa sowet döwrüni ýatladýar.

Akyş Saparow geçen asyryň 80-nji ýyllarynda-da belli bir döwürde gadagan edilipdi. Şol wagtlar men Türkmen telewideniýesinde işleýärdim. Bize aýdylyşyna görä, Akyş Saparow şol döwürde “toýda aýdym aýdýar hem dini aýdymlary aýdýar” diýip, gadagan edilipdi. Sowet döwründe beýleki aýdymçylaryň, hatda bagşylaryňam ençemesi dürli ýyllarda gadagan edilipdi. Meselem, gowy bagşylaryň biri Mäne Gara sekiz ýyl gadagan edilensoň, maňa ony ilkinji gezek täzeden telewizorda görkezmek, sesini halka eşitdirmek başardypdy.

Umuman, meniň aýtjak bolýan zadym, eger jenaýat etmedik bolsa, onda kimiňdir biriniň aýdym-sazyny, döredijiligini gadagan etmek – barypýatan gabahat iş. Bu asyl türkmene mahsus zadam däl, ol bize stalinizmden, sowet döwründen galan ýaramaz miras.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda häzirki wagtda täze ”Owaz” radiosy açyldy. Halk ol radiokanaly örän gowy görýärmiş, sebäbi onda hakyky sungat ussatlarynyň çykyşlary köp berilýärmiş diýýärler. Siz muňa nähili baha berýärsiňiz?


A.Welsapar:
”Owaz” radiokanalynyň açylandygy barada menem eşitdim. Elbetde, bu örän gowy habar. Ol kanaldan halka hakyky sungat ussatlarynyň çykyşlarynyň , halk aýdym-sazlarynyň eşitdirilip durulmagy hasam begendirýär. Türkmen halk aýdym-sazlary türkmen telewideniýesinden we radiosyndan yzygiderli ýaňlanyp durmaly. Ol biziň milli sungatymyz, onuň daşyna çyzyk çekjek bolmak, paýhaslylyk däl.

Sebäbi köneden gelýän türkmen sungatyny harlap, ony gadagan edip, onuň ýerinde täze bir türkmen sungatyny döretmek mümkin däl. Köneden gelýän ýoly gömüp, sen nädip özüňe täze ýol tapynjak? Sungat, şol sanda aýdym-saz sungatam döwre görä ösmeli, halkyň dürli gatlaklarynyň, şol sanda ýaşlaryňam islegini kanagatlandyryp bilmeli. Ýöne şol ösüşi könäni harlap, ony inkär edip gazanyp bolmaz. Diňe köneden gelýän beýik ýörelgelerden nusga alyp, beýik tejribäni öwrenip, özleşdirip, ony döwrebap ösdürip, öňe gidip bolar.

Türkmen halk aýdym-sazlarynyň öňden gelýän milli ýolundan gaty daşlaşsa, her näçe tehniki taýdan ösen saz gurallaryny ulansaň-da, her hili oýunlar etseň-de, halkyň ýüreginden ýer almak, öz aýdymyň bilen halkyň ýüreginde ebedilik galmak ähtimallygyň örän ujypsyz.

Şu meselede men geçen asyryň 80-nji ýyllarynda meşhur türkmen sazandalary bilen bolan bir gürrüňi ýatlamakçy. Telewideniýede işläýän döwrümde, Türkmen telewideniýesiniň we radiosynyň Halk saz gurallary ansamblynyň bagşy-sazandalarynyň ýanyna baranymda, üýşüp otyrkalar bir gezek olara şeýle sorag berdim. ”Näme üçin dikdurma bagşylaryň aýdýan aýdymlary, näçe gowy bolsa-da, tiz könelýär. Aňry gitse, birki ýyldan soň olar sahnadan düşüp, ýatdan çykyp gidýär. Emma türkmen halk aýdymlary welin, hiç könelenok? Çagalykda diňlän aýdymlarymyzy häzirem diňläp ýöris, geljekde-de olaryň diňlenjegi görnüp dur. Bu nämeden bolýar?

Men bu soragy beremde, ol ýerde belli bagşy-sazandalar Ata Awly, Ýagmyr Nurgeldi, Akmyrat Çary, Baýram Ylýas, Dörtguly Durdy we beýlekiler bardy. Meşhur sazanda Ýagmyr Nurgeldi bu soraga myssa ýylgyrdy, ýöne özi jogap bermän, Ata Awlynyň ýüzüne seretdi. Şonda Ata aga: ”Türkmen halk aýdymlary könelmez, sebäbi halk aýdymlarynyň öz uly ýoly, ata-babadan gelýän öz ýörelgesi bar. Emma dikdurma bagşylaryň aýdýan aýdymlarynyň köpüsinde ýol-ýoda ýok, şonuň üçinem olar ilki çykanda imrindirse-de, soň derrew könelýär, ýadyndan çykýar gidýär” diýdi.

Has soňrak men türkmen halk aýdymlarynyň diňleýji bilen ýakyn aradan söhbet görnüşindäki sungatdygyna gözüm ýetdi. Ýagny, biziň halk aýdymlarymyza kamera aýdymlary diýse bolar. Şonuň üçin olar mährem, ýürege ýakyn, mydama özüni küýsedýär. Şu taýda örän geň galmaly bir ýagdaý bar… Hatda Günbataryň iň belli häzirki zaman aýdymçylary-da öz iň wepaly az sanly muşdaklarynyň öňünde, dar auditoriýada çykyş edenlerinde, türkmen halk aýdymlarynda ulanylýan käbir belli öwrümleri, usullary, meselem bokurdak owazyny hem säkdirme usulyny ulanýarlar. Bu täsin ýagdaý biziň öz halk aýdymlarymyzyň çuňluklaryny entek doly öwrenip ýetişmändigimizden görkezýärmikä diýýärin.

Azatlyk Radiosy: Onda ýaş türkmen aýdymçylary halkyň göwnünden turmak, ösmek, öňe gitmek üçin halk aýdymlaryndan nämeleri öwrenip bilerler?

A.Welsapar: Halk aýdymlaryndan esasy öwrenmeli zat – milli äheň, owazlylyk, ýokary derejedäki professionallyk, aýdymlaryň sözleriniň manylylygy. Üns berip görseňiz, halk aýdymlarynyň her birinde many bardyr, hatda olaryň köpüsiniň arkasynda aýdymyň liriki gahrymanynyň gaýtalanmajak ykbaly ýatandyr. Şol beýik ýörelgeleri özüne nusga edinen häzirki zaman aýdymçysynyň sungatyň taryhynda galmak ähtimallygy artýar. Annagül Gurdowa, Akyş Saparow, Sahydursun Garajaýewa, Suhan Orazberdiýew, Pälwan Halmyradow we beýleki ençeme gowy aýdymçylar hut halk aýdymlarynyň düýpli ýörelgesinden nusga alyp, şonuň ýolundan ýörändikleri üçin aýdym sungatynda özlerine mynasyp ýer alyp bildiler.

Emma toý märekesini güýmejek bolup, ýogsa-da geň galdyrjak bolup, özge illeriň aýdymlarynyň äheňinde aýdym aýdýanlar öz zehinlerini bisarpa tutýalar. Ýat iliň äheňinde aýdylan aýdym hiç haçan türkmeniň aýdymy bolup bilmez. Beýle zada çyn sungatam diýip bolmaz. Arada men internetden bir aýdym diňledim. Ol aýdymçy aýal hindi aýallarynyň eçigini geýip, ýerde çabalanyp, hindi aýdymyna meňzeş bir aýdym aýdýardy. Onsoň men şol aýdymy Şwesiýada ýaşaýan hindi tanşyma diňletdim. Ol hindi türkmen aýalynyň aýdymyny hezil edip diňledi-de: ”Gowy aýdym eken, ýöne bu haýsy dilde aýdýar?” diýip sorady. Menem, öz-ä hindiçe diýip aýdýar diýsem, ol: ”Bu aýdymçynyň egindäki eşigi hindileriňki, ýöne Hindistanda munuň ýaly dil ýok, aýdymyň äheňem birhilräk” diýip güldi. Şundan gelip çykýan netije, iliň melleginden ir-iýmiş ýygyp, hezil etmersiň, iýmişi öz bagyňdan ýygmaly. Onsoňam aýdýan aýdymyň türkmençe bolmasa, hindiçedir öýtmeli däl. Olar ýaly aýdymlar ikarada hiç kimiňki bolup galýar!

Azatlyk Radiosy: Ak Muhammet, bagşy-sazandalar bilen bagly gadagançylygyň Türkmenistan bilen goňşy ýurtlarda az duşýandygy aýdylýar. Onuň hut Türkmenistanda bolmagy jemgyýetin biperwaýlygy bilen bagly diýýänlerem bar. Siz olar bilen ylalaşýaňyzmy?


A.Welsapar: Haýsy döwlet yzagalak bolsa, şol ýurtda gadagançylyk kändir. Galyberse-de, elbetde, öz hak-hukuklaryny gorap bilmeýän halk öz aýdym-sazlarynam, öz aýdymçylarynyň hukuklarynam gorap bilmez. Efiri ýersiz ýere diriň-diriň böküşip duran, ýuwan sözleri zowladýan aýdymçylaryň däl-de, hakyky zehinleriň, professionallaryň eýelemegi üçin döwletiňem, halkyňam, şol sanda aýdymçylaryň özleriniňem bilelikdäki sazlaşykly hereketleri gerek. Diňe şonda Türkmen telewideniýesi we radiosy öz işine jogapkärli garar we efiri gowşak toý aýdymlarynyň derejesine çenli aşak düşürmez.

Azatlyk Radiosy: Bu ugurda edilmeli işler nämelerden ybarat?

A.Welsapar: Edilmeli işler, elbetde, belli: türkmen halk aýdym-sazlarynyň sarpasyny hemişe belent tutmaly. Türkmen telewideniýesi we radiosy hakyky sungatyň arkasynda gaýa ýaly berk durmaly. Halk aýdym-sazlary häzirki zaman aýdymlary üçin nusga, belent ülňi bolmaly. Şonda döwürdeş türkmen aýdymlary geljekde-de milli äheňden, ýörelgeden daşlaşmaz. Olar hem-ä ösüp gelýän ýaş nesilleriň isleglerini kanagatlandyrmagyň hötdesinden geler hem-de ömürlik türkmeniň öz hakyky sungaty, aýdym-sazlary bolup galar. Olary geljekde-de beýleki milletleriň aýdym-sazlaryndan tapawutlandyryp bolar. Şonuň üçinem men Türkmen telewideniýesinde we radiosynda hemişe hakyky sungat derejesinde ýerine ýetirilýän ilhalar aýdymlaryň ýaňlanyp durmagyny arzuw edýärin.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG