Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň Ministrler kabinetinde boşluk galdy


Ýekşenbe güni Owganystanyň parlamenti Ministrler kabinetiniň düzüminiň doly tassyklanmandygyna garamazdan, özüniň gyşky dynç alşa gidýändigini mälim etdi.

Ministrler kabinetiniň düzümini tassyklamak boýunça parlamentiň ikilenji gezek geçiren ses berişliginden soň hem, Ministrler kabinetindäki orunlardan ýarsyna golaýy boş bolmagynda galýar.

Parlamentiň metbugat sekretary Hasiib Nuri deputatlaryň 18-nji ýanwarda gyşky dynç alşa gidýändiklerini we bu dynç alyşlygyň 20-nji fewrala çenli dowam etjekdigini habar berdi.

Soňky bir aýyň dowamynda Owganystanyň parlamenti prezident Hamyd Kerzeý tarapyndan Ministrler kabinetiniň düzümine hödürlenen kandidatlaryň aglabasyny kabul etmekden iki gezek ýüz öwürdi.

Prezidentiň metbugat sekretary Wahiid Omar 25 orunlyk Ministrler kabinetindäki boş duran 11 orna ýene täze kandidatlaryň hödürlenjekdigini aýtdy. Ýöne, onuň sözlerine görä, bu kandidatlar diňe parlamentiň deputatlary dynç alyşdan gaýdyp gelensoňlar, hödürlener.
XS
SM
MD
LG