Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Gaitide


Şu geçen hepdäniň sişenbe güni Gaitide ýüz beren güýçli ýer yranmadan soňky ýagdaýlar bilen ýakyndan tanyşmak üçin ýekşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Gaitiniň paýtagtyna bardy.

Bu tebigy heläkçiligiň bolan ýerinde gumanitar ýardamlaryň gijikdirilýändigi bilen baglanyşykly henizem uly aladalar duýulýar.

Gaitiniň prezidenti Rene Prewal bilen geçiren gepleşiklerinden soň, Hillari Klinton Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bu tebigy betbagtçylykda ejir çeken adamlara zerur ýardamlary bermek üçin ähli tagallalary etjekjigini nygtap, çykyş etdi.

Gaitiniň içeri işler ministri ýer yranmada ölen 50 müň töweregi adamyň jesediniň eýýäm jaýlanandygyny we ölen adamlaryň umumy sanynyň bolsa, 100 müň bilen 200 müňüň aralygynda diýlip hasaplanylýandygyny aýtdy.

Hepdäniň sişenbe güni 7 ball güýjünde ýüz beren bu ýer yranma Gaitiniň paýtagty Port-au-Prins şäherinde uly weýrançylyk döretdi.
XS
SM
MD
LG