Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada prezidentlige ses berdiler


Ýekşenbe güni Ukrainada prezidentlik saýlawlary geçirildi. Munuň özi bu ýurtda 5 ýyl mundan ozal amala aşyrylan parahatçylykly rewolýusiýadan soňky döwürde geçirilýän ilkinji prezidentlik saýlawydyr.

Şu geçen bäş ýylyň dowamynda ýurda ýolbaşçylyk eden prezident Wiktor Ýuşenko ýene-de ikilenji gezek bu wezipä dalaş edýär. Ýöne şu geçen döwrüň içinde ilat arasynda abraýy görnetin pese gaçan Wiktor Ýuşenko bu gezekki saýlawlarda üstünlik gazanyp bilmez diýlip garaşylýar.

Saýlawçylaryň arasynda geçirilen pikir soraýyşlyklar Ýuşenkonyň syýasy garşydaşy, Orsýete tarapdar Wiktor Ýanukowiçiň uly goldawdan peýdalanýandygyny görkezýär. Bu gorkezijiler boýunça Ukrainanyň häzirki premýer-ministri, prezidentlige dalaşgär Ýuliýa Timoşenko Ýanukowiçden birneme yzda durýar.

Ýöne bu dalaşgärleriň hakyky ýenşi Ýekşene güni berilen sesleriň netijesinde belli bolar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG