Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada saýlawlaryň ikinji tapgyry geçiriler


Ukrainada prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň geçirilmegi mümkin. Sebäbi 17-nji ýanwarda geçirilen saýlawlarda kandidatlardan hiç biri ýeterlik ses alyp bilmedi.

Habarlardan mälim bolşuna görä, 7-nji fewralda geçirilmegine garaşylýan şol ses berişlige ýekşenbe güni geçirilen saýlawlarda iň köp ses alan iki kandidat, ýagny premýer-ministr Ýulýa Timaşenko bilen oppozision lider Wiktor Ýanukowiç gatnaşar.

17-nji ýanwarda geçirilen ses berişligiň birinji tapgyrynyň resmi bolmadyk netijelerine görä, Wiktor Ýanukwiç berilen sesleriň 31 we Timaşenko bolsa 25 prosenti töweregini gazanypdyr.

Saýlawlaryň netijeleri barada çap edilen şol maglumatlarda aýdylşyna görä, Merkezi Bankyň öňki başlygy Sergeý Tigipoko üçinji we wezipesinden çekilýän prezident Wiktor Ýuşenko dördünji orunda.

Timaşenko saýlawlaryň netijesi barada sözlän sözünde, Ýanokowiçiň ses berişligi gazanmaga şansynyň ýokdugyny we beýleki kandidatlar bilen bileleşip öz tarapdarlarynyň sanyny artdyrmaga synanyşjakdygyny aýtdy.

Ýanokowiç bolsa eger bu saýlawlary özüniň gazanan ýagdaýynda häkimiýet başyndan çekiljek hökümetiň ýalňyşlyklaryny gaýtalamajakdygyny aýtdy.

Saýlawlaryň deslapky netijeleriniň şu gün giçlik yglan edilmegine garaşylýar. Ses berişlikde käbir bidüzgünçilikleriň hem bolanlygy mälim edilip, emma umuman aýdylanda saýlawlaryň birinji tapgyrynyň kadaly ýagdaýda geçirilenligi aýdylýar. Ukrainanyň ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň 66 prosentiniň bu çärä gatnaşanlygy mälim edildi.
XS
SM
MD
LG