Sepleriň elýeterliligi

Karzaý Kabulyň hüjümden soň kontrol astyndadygyny aýdýar


Owgan prezidenti Hamit Karzaý talyban jeňçileriniň paýtagt Kabula eden hüjümlerinden soň ýagdaýyň «kontrol astyndadygyny» aýdýar.

Owgan häkimiýetleri şähere edilen hüjüm mahalynda 9 adamyň, şol sanda 4 jeňçiniň öldürilendigini, 40 töweregi adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Bu hüjüm Owganystanyň prezident köşgüniň we birnäçe ministrligiň binasynyň golaýynda boldy.

Talyban bu hüjüme 20 nökeriniň şol sanda janyndan geçen bombaçylaryň hem gatnaşandygyny aýdýar.

Birleşen Ştatlaryň Owganystan we Pakistan boýunça ýörite wekili Riçard Holbruk şu gün Nýu-Delide žurnalistleriň öňünde çykyş edip, Talybanyň munuň ýaly zatlary etmeginiň geň däldigini, sebäbi olaryň ugur-ýoluny ýitiren adamlardygyny, bu hüjüm bilen olaryň ne aman galyp, ne-de eňip biljeklerini aýtdy.
XS
SM
MD
LG