Sepleriň elýeterliligi

Popy öldürmäge synanan adam türmeden boşady


1981-nji ýylda pop Jon Poly tüpeňläp agyr ýaralan türk erkegi şu gün Türkiede türmeden boşadyldy.

51 ýaşly Mehmet Aly Agça ömrüniň 29 ýyldan gowragyny gözenegiň aňyrsynda geçirdi. Ol 1981-nji ýylyň 13-nji maýynda, Rimiň merhemetli Piter meýdançasynda popy tüpeňläni üçin 19 ýyllap italiýan türmesinde oturdy.

Bu hüjümiň anyk näme sebäpli edilendigi belli bolmady. Şol wagt 23 ýaşynda bolan Agça aşa sagçy türk guramasy bolan Çal möjege ilteşikli bolandygyny aýtdy.

Pop Jon Pol 1983-nji ýylda Agça bilen duşuşdy we ony bagyşlandygyny aýtdy. Agça Italiýada tussaglyk möhletini gutarandan soň Türkiýä berildi we ol ýerde türk žurnalistni öldürenligi üçin 10 ýyl türmede oturdy.
XS
SM
MD
LG