Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada saýlawlaryň ikinji tapgyry geçiriler


Wiktor Ýanukowiçiň partiýasynyň baş binasynda, 17-nji ýanwar, 2010-njy ýyl.

Wiktor Ýanukowiçiň partiýasynyň baş binasynda, 17-nji ýanwar, 2010-njy ýyl.

Ukrainada bazar güni geçirilen prezidentlik saýlawlarynda bäsdeşler ýeňiş üçin gerekli sesleriň köpçüligini birinji aýlawda alyp bilmediler. Şonuň üçinem 7-nji fewralda saýlawlaryň ikinji tapgyry geçiriler.

Sesleriň dörtden üç bölegi sanalanda, Wiktor Ýanukowiçiň 36%, premýer-ministr Ý.Timoşenkonyň 25%, Merkezi bankyň ozalky başlygy Serhiy Tihipkonyň 13%, Ýuşenkonyň bolsa 5% ses alandygy belli boldy.

Ý.Timoşenko «Saýlawlaryň netijesinden mälim bolşy ýaly, ýurduň ýaşaýjylarynyň aglabasy Ukrainanyň erkin hem demokratik ýurt bolmagyny isleýär» diýdi. Ol bäsdeşi Ýanukowiçe şeýle baha berdi: «Prezident bolmaga Ýanukowiçiň hiç hili şansy ýok, sebäbi ol jenaýatçylar toparyna wekilçilik edýär».

Y.Timoşenko prezident bolan ýagdaýynda hiç haçan mämişi rewolýusiýadan yza gaýdyşlyga ýol bermejegini-de sözüne goşdy: «Bu adalaty dikeltmek ugrundaky göreşiň ýoly, bu Ýewropa tarap saýlap alan ýolumyzyň hem demokratiýany dikeltmek ugrundaky göreşiň ýoly».

Köp sanly ukrainalylar Timoşenko bilen onuň ozalky ýarany Ýuşenkonyň arasyndaky syýasy gapma-garşylyklardan bizar bolandyklaryny aýdýarlar. Ýurtda korrupsiýa ornaşdy we bu döwlete global maliýe krizisi-de berk täsirini ýetirdi.

Çynlakaý synag garaşýar

Ýuliýa Timoşenko, Kiýew, 17-nji ýanwar.
Saýlawlarda köp ses alyp bilmedik beýleki 16 dalaşgärlere ses beren saýlawçylary öz tarapyna çekmek Timoşenko-da, Ýanukowiçe-de aňsat düşmese gerek. Şonuň üçin saýlawlaryň ikinji tapgyrynda çynlakaý synag garaşýar.

Ýanukowiçiň pikiriçe, saýlawlaryň netijesi ikinji tapgyrda oňa ýurduň prezidenti bolmaga mümkinçilik berjekdigini görkezýär: «Biziň graždanlarymyz özgerişlige ses berdiler, gowy durmuşa geçmäge talabyň bardygy hakyndaky garaýyşlaryny açyk görkezdiler, bu bolsa esasy netije».

Gündogar Ukrainanyň senagatlaşan ýerlerinde rus dilli ilat Ýanukowiçi goldap gelýär, ol Ukarina hiç haçan NATO-nyň agzasy bolmaz diýip ynamly aýdýar: «Ukrain döwleti hiç bir bloga goşulmaz, Ukraina hiç bir harby ýaranlyga agza bolmaz, bu ukrain halkynyň garaýşy, oňa hormat goýmaly hem ol hasaba alynmaly».

Saýlawlarda köp ses alan tamakinler bilen köp ses alyp bilmedik kandidatlaryň arasyndaky gepleşikler eýýäm başlandy. Analitikleriň pikiriçe, Ýanukowiçiň, zerur syýasy öwrümleri etmek mümkinçilikleri Timoşenkonyňkydan az. Mundan başga-da kommunist we sosialistlerden ybarat kiçi toparyň-da özüni goldajagyna ol bil baglap bilmez.

Bäsleşigiň gyzgalaňy bilen bir hatarda geljekki hepdelerde, ýagny saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň dowamynda, birgiden galplyklaryň bolmagynyň mümkindigine we bu meselede suda ýüz tutjaklaryň hem boljakdygyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG