Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-niň Döwlet sekretary Klinton Gaitide boldy


Prezident Rene Prewal (sagda) we ABŞ-nyň Döwlet sekretay Hillary Klinton Gaitide, 16-njy ýanwar, 2010-njy ýyl.

Prezident Rene Prewal (sagda) we ABŞ-nyň Döwlet sekretay Hillary Klinton Gaitide, 16-njy ýanwar, 2010-njy ýyl.

Amerikanyň Döwlet sekretary Hillary Klinton ýer yranmasyndan ejir çeken Gaitä Birleşen Ştatlar elinden gelen kömegini eder diýip, halka göwünlik barmäge synanyşdy.

Hanym Klinton 12-nji ýanwarda ýurduň paýtagtyny weýran eden sarsgyndan soň Gaitä sapar eden ilkinji ýokary derejeli Günbatar resmisidir.

“Prezident Barak Obamanyň aýdyşy ýaly, biz bu gün, ertir we öňümizdäki günlerde hem şu ýerde bolarys. Adamlar bilen özüm gürleşip gördüm. Şol sebäpden men olaryň özlerini dürsemäge ukyplydygyny, gujur-gaýratlydygyny bilýärin” diýip, Klinton aýtdy.

Hanym Klinton özüniň bu betbagtçylykdan Gaitiniň öňküsinden güýçli hem gowy bolup çykjagyna ynanýandygyny nygtady.

16-njy ýanwarda Gaitä baran Amerikanyň Döwlet sekretary Birleşen Ştatlar tarapyndan berilýän goldawyň Gaiti hökümetiniň çakylygy boýunça ýola goýlandygyny nygtady. Ol žurnalistlere: “Ilkinji nobatda suw, azyk we medisina kömegine üns berilýär” diýdi.

Gaitiniň prezidenti Rene Prewal hem berýän kömekleri üçin özüniň Birleşen Ştatlara minnetdardygyny aýdyp, prezident Barak Obamany öwdi: “Onuň Gaitä kömek diýip, ýörite fond döredip, öňki prezidentler Buş bilen Klintony ol fonda ýolbaşçy bellemegi uly goldawyň alamaty”.

Umyt elden berlenok

Bu ýer sarsgynynda takyk näçe adamyň aradan çykanlygy barada entek berilýän doly maglumat ýok. Ýöne käbir adamlar diňe paýtagtyň özünde heläk bolanlaryň sany-da ýüz müň bilen ýüz elli müň aralygynda bardyr diýip çaklaýarlar.

Birleşen Milletler Guramasy halas ediş işleriniň gije-gündiz dowam edýänligini habar berdi. Sarsgynyň üstünden alty gün geçendigine garamazdan, käbir adamlaryň diri tapylmagy mümkin diýip, umyt edilýär. Kesekleriň aşagyndan sag-aman çykarylan adamlaryň sany häzir ýetmişden ýokary.

“Jaýlar ýykylyp, kesekleriň aşagynda galan hem bolsalar, diri galan adamlar bardyr diýen umydy elden beremzok” diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň işgäri Elizabet Byrs aýtdy.

Dünýä Saglyk Guramasy düýn, 17-nji ýanwarda, ölenleriň sanyny 40 müň bilen 50 müň aralygynda diýip çaklady. Ýaralananlar hem Gaiti hökümetiniň çaklamagyna görä, 250 müň töweregi.
XS
SM
MD
LG