Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Kadrlar çalşygy dowam edýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

15-nji ýanwarda geçirlen hökümet maslahatynda ministrlikleriň we döwlet gulluklarynyň ençemesiniň ýolbaşçylary çalşyryldy. Şol sanda Nebit-gaz ministri, dokma senagat ministri, “Türkmenhowaýollary” milli gullugynyň başlygy, “Prezident” bankynyň başlygy wezipelerinden boşadyldylar. Wezipesinden çetleşdirlenleriň käbirleriniň işine netijesiz diýen baha berldi.

15-nji ýanwarda Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň maslahatynda hökümetiň we pudaklaryň 2009-njy ýyl boýunça işine baha berildi. Hususan-da, ýurduň nebit-gaz, dokma senagat, bank pudaklarynyň işiniň talaba laýyk alnyp barylmaýanlygy aýdylyp, käbir tankytlar hem bellikler edildi, ýolbaşçylar çalşyryldy.

Şol sanda Nebit-gaz senagat we mineral serişdeleri ministri Oraznur Nurmyradow işinden boşadyldy. Resmi maglumatlarda muňa onuň işinde goýberen düýpli kemçilikleriniň sebäp bolanlygy aýdylýar.

Hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow pudak ýolbaşçylarynyň öz wezipelerine talaba laýyk çemeleşmeýänligi, pudagy ösdürmek meselelerini çözmekde passiwlik görkezýänligini hem belledi.

Nebit-gaz ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji edilip, Baýramgeldi Nedirow bellenildi.
Her bir kadrlar çalşygynyň sebäbi barada şol bir düşündirişler berilýär. Emma wakanyň aňyrsynda näme sebäpleriň ýatanlygy nämälim galýar.


Resmi düşündirişlere garamazdan, synçylar ýurtda ýolbaşçylaryň wezipelerinden boşadylmagynyň hakyky sebäpleriniň hazire çenli düşnüksiz görünýänligini belleýärler.

Merkezi Aziýa boýunça regional ekspert Sanobar Şermatowa şeýle diýýär: “Her bir kadrlar çalşygynyň sebäbi barada şol bir düşündirişler berilýär. Emma wakanyň aňyrsynda näme sebäpleriň ýatanlygy nämälim galýar. Bu Nyýazowyň kadrlar syýasatynyň dowam edýänligini görkezýär. Ýurtda kadrlary toplamak we çalyşmak işini, öňküsi ýaly, henizem prezidentiň özüniň amala aşyrýanlygyny, bu işiň golaýyna hiç kimiň goýberilmeýänligini görmek mümkin”.

Nebit-gaz pudagy üstünlikli bolupdy

Synçylar Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna 2009-njy ýylda ýurduň iň üstünlikli ugry hökmünde baha berýärler. Türkmenistan Hytaýa tarap gaz geçirijisini işe girizdi, Eýrana tarap hem täze gaz turbasyny gurup, işledip başlady. Ýylyň dowamynda Orsýet bilen dörän gaz dawasyny çözüp, gaz söwdasyny dikeltdi.

Türkiýeli bilermen, Ankarada ýerleşýän Strategik-barlaglar institutynyň ýolbaşçysy Mehmet Seýfetdin köp ugurly energiýa strategiýasyny yglan eden Türkmenistanyň täze energiýa bazarlaryna çykmak ugrunda ädýän ädimlerini açyk gapylar syýasaty diýip atlandyrydy.

Mehmet Seýfetdin Türkmenistanyň Günbatar döwletlerine tarap öwrülmeginiň we Hytaý hem Eýrana tarapa ädýän ädimleriniň netijeleriniň ýakyn wagtda peýda bolup başlajagyny belledi.

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň işine Türkmenistanyň prezidenti tarapyndan hem pozitiw baha berilýär. 15-nji ýanwarda hökümet maslahatynda Gurbanguly Berdimuhamedow pudak ýolbaşçylarynyň işinden nägilelik bildiren hem bolsa, pudagyň ýagdaýyna, umuman, pozitiw baha berdi.

Pudagyň ýolbaşçylary näme üçin çetleşdirilýär?

Nebit-gaz ministrliginden başga-da, ýurduň Dokma-senagat minsitrligine, “Türkmenhowaýollary” milli gullugyna, “Türkmenhaly” döwlet korporasiýasyna, Demirýol-transport ministrligine, Gidrometeorologiýa boýunça Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Milli komitete, “Prezident” bankyna täze ýolbaşçylar bellenildi.

Sanobar Şermatowanyň pikirine görä, döwlet resmileriniň ýygy-ýygydan çalşyrylyp durulmagy ýurtdaky ýiti kadrlar krizisiniň subutnamasy bolup durýar.

“Kadrlary saýlamak we bellemek usullary aslyýetinde kemçilikli. Ukybyna görä däl-de prezidente wepadar adamlar bellenilýär. Emma soň takyk netijeler talap edilende, kynçylyklar ýüze çykýar. Onsoň kadrlary çalşyryp durmakdan hiç hili netije çykmaýar. Ýagdaýyň gowulanmagy üçin döwleti dolandyryş sistemasy üýtgemeli, täze kadrlary saýlamak, täýýarlamak işine täzeçe çemeleşilmeli” diýip, S.Şermatowa aýtdy.

Bilermeniň pikirine görä, gün-günden täze talaplary öňe sürýän häzirki döwürde täze kadrlary taýýarlamak we spesialistleri ukybyna görä ulanmak meselesine çynkalaý çemeleşilmegine we bu ugurdan takyk ädimleriň ädilmegine zerurlyk ýüze çykýar.
XS
SM
MD
LG