Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Türkmenistanda graždan jemgyýetini ösdürmäge kömek eder


Golaýda Aşgabatda graždan jemgyýetiniň roluna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi. Bu duşuşygyň inisiatorlary BMG-niň ösüş programmasy bilen Türkmenistanyň Demokratiýa we adam hukuklary bradaky milli instituty, ýurduň daşary işler ministrligi boldy.

Foruma gatnaşanlar graždan jemygetiniň ösüşi boýunça halkara tejribeleri we jemgyetçilik guramalarynyň demokratiki reformalar we öňdebaryjy sosial-ykdysady özgermeler prosesinde oýnan roly barada pikir alyşdylar.

Graždan jemgyýetiniň ösüşi Türkmenistan bilen BMG-niň ösüş programmasynyň hyzmatdaşlygynyň täze ugurlarynyň biri bolup durýar.
Aşgabatda bu meselä bagyşlanyp geçirilen tegelek stol bu uzak möhletli programmanyň durmuşa geçirilmegindäki ilkinji çäredir.
XS
SM
MD
LG