Sepleriň elýeterliligi

Germaniýa Eýrana garşy sanksiýalaryň berkidilmeginiň tarapdary


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel eger Eýran ýadro programmasy boýunça alyp barýan ýoluny terk etmese, bu ýurda garşy sanksiýalaryň berkidilmegi baradaky teklibi Berliniň goldajakdygyny duýdurdy.

Merkel bu pikirini düýn Berlinde geçiren metbugat ýygnagynda öňe sürdi.

“Eger Eýran öz reaksiýasyny üýtgetmese, Germaniýa bu ýurda garşy hemmetaraplaýyn sanksiýalary işläp düzmek baradaky planyň üstünde iş alyp barjakdygyny açyk aýan etdi. Elbetde biz bu sanksiýalaryň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde tassyklanmagynyň tarapdary. Resmiler bu barada geljek günleriň dowamynda iş alyp bararlar. Emma Germaniýa sanskiýa boýunça deň syýasat alyp barýan beýleki ýurtlaryň aladalaryna goşular” diýip Germaniýanyň kansleri aýtdy.

Merkel bu baradaky pikirini Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netenýahu bilen düýn Berlinde bolan duşuşygyndan söňra öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG