Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada žurnalistleriň ölüminiň ýyl dönümine gabatlap demonstrasiýa geçiriler


Şu gün orsýetli ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler mundan bir ýyl ozal Moskwanyň merkezinde öldürilen adwokat Stanislaw Markelow bilen žurnalist Anastasiýa Baburowanyň ölüminiň ýyl dönümine gabatlap Moskwada demonstrasiýa geçirjekdiklerini habar berdiler.

Çeçenistandaky ynsan hukuklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça iş alyp baran ýurist Stanislaw Markelow bilen «Nowaýa gazeta» atly gazetiň habarçysy Anastasiýa Baburowa 2009-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda gündüziň güni Moskwanyň merkezinde atylyp öldürildiler.

Bu kast edişlik halkara jemgyýetinde ýiti reaksiýalary döretdi.
XS
SM
MD
LG