Sepleriň elýeterliligi

Kabulda ýörite howpsuzlyk maslahaty geçirildi


Owganystanyň paýtagtynda talyp söweşijileri tarapyndan düýnki gurnalan hüjümler bilen baglanyşykly şu gün Kabulda ýörite howpsuzlyk maslahaty geçirildi.

Bu maslahatyň yzy bilen prezident administrasiýasy ýörite beýanat ýaýratdy. Beýanatda Kabulyň howpsuzlygyny goramakda ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň bitiren işlerine prezidentiň minnetdarlyk bildirýändigi nygtalypdyr.

Düýn Kabulda prezident köşgüniň we hökümetiň baş edaralarynyň golaýynda talyp söweşijileri bilen hökümet güýçleriniň arasynda ýüze çykan atyşyklarda jemi 12 adam ölüp, 70-den gowrak adam ýaralandy.

Ölenlerden 7-siniň talyp söweşijileridikleri aýdylýar. Bu atyşyklaryň barşynda janyndan geçen hüjümçiler birnäçe partlamalary hem amala aşyrdylar.

Şu gün Kabulda howpsuzlyk çäreleri örän ýokary derejede bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG