Sepleriň elýeterliligi

Ermenistanda oppozision žurnalist 7 ýyl azatlykdan mahrum


Şu gün Ermenistanyň sudy 2008-njy ýylda prezidentlik saýlawlarynyň yzy bilen gurnalan protestlerde aýyplap, oppozision žurnalist Nikol Paşinýany 7 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Ýerewan şäheriniň bu raýon sudunyň metbugat sekretary Alina Egoýan žurnalist Nikol Paşinýanyň köpçülikleýin bulagaýçylyklary gurnamakda günäli diýlip tapylandygyny aýtdy.

Ýerewanda çap edilýän «Haýkakan Jamanak» gazetiniň baş redaktory Nikol Paşinýan 2008-nji ýylda uly dawa döreden prezidentlik saýlawlarynyň netijelerine protest bildirilip gurnalan demonstrasiýalary gurnaýjylardan biri bolupdy. Şol prezidentlik saýlawlarynda Serž Sarkisýan ýeňiji diýlip yglan edilipdi.
XS
SM
MD
LG