Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýada garaşsyz komissiýa ozalky ministrleriň hasabatlaryny diňleýär


Yrak urşy bilen baglanyşykly meseleleri derňemek boýunça Britaniýada döredilen garaşsyz komissiýa şu gün şol urşuň başlanan döwründe hökümetiň düzüminde işlän ozalky ministrleriň hasabatlaryny diňlemäge başlady.

1999-njy ýyldan 2005-nji ýyla çenli Britaniýanyň goranmak ministri bolup işlän Jeoff Huun şu gün ozalky ministrlerden ilkinji bolup bu Komissiýanyň öňünde hasabat bilen çykyş etdi.

Britaniýadaky bu komissiýa Britaniýanyň yrak urşuna gatnaşmagynyň näderejede kanunydygyna hem-de Saddam Husseýniň şol wagtky režiminiň köpçülikleýin gyryş ýaraglaryna eýe bolup-bolmandygyna we onuň «abandyrýar» diýlen howpunyň näderejede hakykata laýykdygyna baha bermek maksady bilen doredildi.

Şu hepdäniň penşenbe güni ýurduň ozalky daşary işler ministri Žak Stro bu Komissiýanyň öňünde bu mesele boýunça hasabat berer. Britaniýanyň ozalky premýer-ministri Tonni Bleýer bolsa, geljek hepde hasabat berer diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG