Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Ýapon Howa Ýollary» bankrot boldy


Şu gün Ýaponiýanyň häkimiýetleri Aziýa dünýä bölegindäki iň uly howa kompaniýasy bolan «Ýapon Howa Ýollary» (Japan Airlines) kompaniýasynyň bankrot bolandygyny yglan etdiler.

«Ýapon Howa Ýollary» kompaniýasy şu günki gün 16.5 milliard dollar bergide diýlip hasaplanylýar.

Bu kompaniýanyň bankrot bolmagy Ýaponiýadaky iň uly korporatiw bankrotlaşma hökmünde alamatlandy.

Ýöne bu bankrotlaşmaa garamazdan, «Ýapon Howa Ýollary» kompaniýasynyň uçarlarynyň çäkli ýagdaýlarda uçmaklaryny dowam etdirjekdikleri habar berilýär.

Emma, maglumata gorä, kompaniýanyň işiniň dowam etdirilmegi üçin ýurduň hökümeti onuň işini täzeden gurnap, kompaniýanyň işgärlerinden üçden bir bölegini, ýagny 15 müňe golaý işgärini kemelder.
XS
SM
MD
LG