Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Markelow we Baburowanyň ölümine bir ýyl doldy


Aklawçy Stanislaw Markelow bilen žurnalist Anastasiýa Baburowanyň Moskwada öldürilenine şu gün bir ýyl boldy.

Markelow adam hukuklary boýunça adwokatdy. Ol Çeçenistanda harby jenaýatdan ejir çekenleri goraýardy, şol bir wagtyň özünde-de Orsýetde indi barha güýjeýän faşistik herekete garşy göreş alyp barýardy. Baburowa hem “Nowaýa Gazetanyň” habarçysydy.

Anastasiýanyň ene-atasy ilki gyzlarynyň bu heläkçilige tötänden uçranlygyna ynanypdyrlar. Ýöne indi wakadan bir ýyl soň onuň atasy Edurad Baburow ýagdaýa başgaça garaýandyklaryny aýdýar: “Gyzymyz öldürilmezden öň biz Orsýetde näme zatlaryň bolup geçýändigini bilmeýärdik. Köp zatlara gyzymyz öldürilenden soň düşünip ugradyk. Faşizmiň neneňsi ýaýranlygy bizi gorka saldy. Bizde bu proses kontrollykdan çykypdyr, bizde döwletiň edip bilýän işi ýok diýen täsir galdy. Nasizm we faşizm ideologiýasy ösüp, düýpden depä ýetipidir. Döwlet Dumasyndan tutup, döwlet strukturalarynyň ähli pudagynda onuň wekilleri bar”.

30-njy ýanwarda “Nowaýa Gazetada” neşir edilen bir hatda Baburowlar faşizmiň Orsýetde kök uranlygyny aýdyp, döwleti bu problemany ykrar etmeklige çagyrdylar. Bu hatda aşa sagçy hereketden pida çeken adamlaryň hem ady berilýär. Bularyň biri antifaşistik hereket Antifanyň öňki ýolbaşçysy Iwan Hutorskiý. Ol 16-njy noýabrda Moskwada öldürildi.

Markelow bilen Baburowanyň ölümi bilen baglanyşykly iki adam tutuldy. Bularyň biri Nikita Tihonow, beýlekisi hem Ýewgeniý Hasis.

Ekstremistik toparlar

Düýn “Nowaýa Gazetada” neşir edilen bir makalada “bu ikisi antifaşistik hereketiň agzalaryna we döwlet işgärlerine garşy gazaply hüjüme taýýarlyk görüp ýören ençeme aşa sagçy ekstremistleriň toparlaryň diňe biri” diýilýär.

Markelow bilen Baburow öldürilnden soň olaryň dostlary we beýleki aktiwistler “19-njy Ýanwar Komiteti” ady bilen bir antifaşistik gurama gurdular.

Galina Kožnikowa Orsýetiň aşa milletçi toparlara garşy iş alyp barýan baş edarasy ”Sowa Merkeziniň” işgäri. Onuň aýtmagyna görä ekstremistik toparlar gaty güýçli, olaryň taktikalary indi gitdigiçe giňeýär: “Problema aşa sagçylaryň döwlete garşy açyk terrora, göni terrora öwrülendigi. Olaryň maksady ýurtdaky ýagdaýy durnuksyzlandyryp, gorky döredip, harby döwlet agdarylyşygyna ýol açmak”.

Markelow bilen Baburowanyň hatyrasyna şu gün geçirilen ýygnanyşyga hem hüjüm ediler diýen gorky bardy.

Anastsia Baburowanyň ejesi Larisa Baburowa protestçilere minnetdarlyk bildirip, ýöne möhümi olaryň öz howpsuzlygy diýdi: “Antifa özüne dykgat etmeli. Köp zatlara aralaşmagyň geregi ýok. Ine, görýärsiňiz, sizi goldaýan ýok. Siz protest geçirmeli, ýöne özüňize-de dykgat etmeli. Iwan Hutorskiý öldürildi. Bular ýaly ýagdaýlar köp. Näme zatlaryň bolýanyny özüňiz görýärsiňiz”.
XS
SM
MD
LG