Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni DIM-i: “Türkiýe yza tesse, abraýdan düşer”


Ermenistanyň Daşary işleri ministri Eduard Nalbandýan Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň studiýasynda, 17-nji ýanwar, 2010-njy ýyl.
Ermenistanyň Daşary işleri ministri Eduard Nalbandýan Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň studiýasynda, 17-nji ýanwar, 2010-njy ýyl.

Daglyk Garabag konflikti, Türkiýe bilen gatnaşyklary täzeden gurnamak baradaky synanyşyklar we beýleki meseleler barada Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Ýerewandaky Ermeni gullugy Ermenistanyň Daşary işleri ministri Eduard Nalbandýan bilen söhbetdeşlik geçirdi.

“Türkiýe Ermenistan bilen gatnaşyklaryny täzeden dikeltmegi Daglyk Garabag konfliktiniň Azerbaýjanyň islegine laýyk çözülmegine bagly etse, onda bu prosesiň tersine öwrülmegine getirer” diýip, Ermenistanyň Daşary işleri ministri Eduard Nalbandýan aýtdy.

Ol söhbetdeşlikde öz hökümetiniň “Ankara bilen Ýerewan 2008-nji ýylda bu gepleşige öňünden hiç bir şert goýman girişdiler” diýýänini gaýtalap, “protokolda” hem Garabag dawasy agzalanok diýdi: “Bir zat aýdyň. Biz öňünden hiç bir şert goýulmaz diýen düşünje bilen bu gepleşiklere başlap, ylalaşyga geldik. Öňünden şert goýulsady, onda biz bu prosese başlamazdyk”.

Düýn ors prezidenti Medwedew bilen duşuşan Ermeni Prezidenti Serž Sarkisýan öten aý Türkiýe bu ylalaşyklary belli bir wagtyň içinde ratifisirlemedik ýagdaýynda, özüniň gepleşikleri terk etjekdigini aýdypdy.

Nalbandýan belli bir senäni agzaman, günbatar ýurtlary bilen Orsýetiň hem Türk-Ermeni gatnaşyklarynyň hiç bir şertsiz kadalaşmagynyň tarapyny çalýandygyny aýtdy: “Türkiýe yza tesen halatynda, onda bu onuň ýeke Ermenistan bilen gelen ylalaşyklaryny bozmagy däl, eýsem halkara jemgyýetçiliginiň hem pikirlerine hormatsyzlyk etmegi bolar. Netijede olaryň öňünde abraýdan düşer. Ermenistanyň bolsa, gazanan zady-ha diýmäýin, ýöne ýitiren zady bolmaz”.

“Dawaly territoriýany zor bilen alarys”

Ermenistanyň Daşary işler ministri Garabag konfliktine dolanyp, Azerbaýjan prezidenti Ylham Aliýewiň ýaňy golaýda “dawaly territoriýany zor bilen alarys” diýenini tankytlady: “Bular ýaly beýanatlar Azerbaýjanyň 2010-njy ýylda hem iki taraplaýyn eglişige taýýar däldigini, onuň Garabag halkyna howp bolup durýandygyny görkezýär”.

Azerbaýjan prezidenti täze ýyl mynasybetli öz halkyna eden ýüzlenmesinde Garabagyň Azerbaýjanyň golastyna geçmegini halkara goldaw esasynda kepillendirendigini aýdypdy.

“Araçy ýurtlar näme diýýär? Olar Ermenistanyň aýdýanyny aýdýarlar. Garabag meselesi halkara kanunlarynyň prinsiplerine, normalaryna laýyk çözülmeli. Aýratyn-da güýç ulanmazlyk, öz ykbalyňy özüň kesgitlemek, toprak bütewiligi prinsipi ýerine ýetirilmeli” diýip, Nalbandýan Alyýewyň aýdanyny ret etdi.

Nalbandýanyň aýtmagyna görä, öňümizdäki aýlarda alnyp baryljak gepleşiklerden köp zatlara garaşmaly däl: “Men prosesi ýasama suratda çaltlandyrmaga hiç bir delil göremok. Munuň bilen hemmeler ylalaşýan bolsalar gerek”.

“Taraplaryň pozisiýalaryny biri-birine ýakynlaşdyrmakda öten ýyl käbir öňegidişlikler boldy. Ýöne bu bir böwsüş derejesinde däl. Biz 2009-njy ýylyň oňaýly dinamikasyny saklap bilsek, onda konfliktiň çözgüdi üçin perspektiwalary gowulandyrmak mümkinçiligi ýok däl” diýip, Nalbandýan sözüniň üstüni ýetirdi.
XS
SM
MD
LG