Sepleriň elýeterliligi

BMG Gaitä 3500 töweregi goşmaça harby iberer


BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Gaitide düzgün-tertibi ýola salmak we bu ýurda iberilen ýardamlary goramak üçin 3500 töweregi goşmaça harby ibermek baradaky karary biragyzdan goldady.

15 agzadan ybarat bu topar BMG-niň baş sekretary Ban Ki Mun tarapyndan edilen teklibi goldady. Ady agzalýan rezolýusiýada Gaitide ýerleşýän harbylaryň sanynyň 9000 esger we 3700 polisiýa işgärinden ybarat boljakdygy aýdylýar.

Gaitiniň hökümet ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, sişenbe güni bolan ýer titremede ölenleriň sany 75 000 adama ýetipdir. Ýewropa Bileleşigi we BMG-niň wekilleri bolsa ynsan ýitgisiniň 200 000-e ýetjekdigini çak edýärler.

BMG-niň ýolbaşçysy Ban Ki Mun Nýu Ýorkda žurnalistlere beren interwýusynda, Gaitä iberilen ýardamlaryň şu hepdäniň dowamynda ilatyň 1 million töweregine gowşuryljakdygyny aýtdy.

“Ilki başda ýardamlaryň paýlanmagy barada käbir kynçylyklar ýüze çykdy. Biz bu ýurtda ýardam paýlaýan 15 merkezi döretdik. Öň hem aýdyşym ýaly ýardam berlen adamlaryň sany şu hepdäniň dowamynda bir milliona barabar bolar. Geljek iki hepdäniň dowamynda ýardam berlen adamlaryň sanynyň 2 milliona çykarylmagy üçin tagalla ederis” diýip, Ban Ki Mun aýtdy.

25-njy ýanwarda Gaitä ýardam etmek boýunça Kanadada deslapky donorlar konferensiýasy geçiriler. Bu ýygnaga Döwlet sekretary Hillary Klintonuň hem gatnaşjakdygy aýdylýar.

Birleşen Ştatlaryň harbylaryndan ybarat bir topar bolsa bu ýurda iberilýän ýardamlary artdyrmak boýunça taýýarlygyň çäginde Porto-au-Prinse bardy.

Gaitiniň paýtagty Porto-au-Prins güýji rihter ölçeginde 7 balla barabar bolan şol ýer titremeden iň köp zyýan ýeten şäherdir. Şol wakadan soňra paýtagtda talaňçylygyň başlanlygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG