Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşington Ukrainada geçirilen ses berişligiň hiline gowy baha berdi


Birleşen Ştatlary Ukrainada prezidentlik saýlawlary boýunça 17-nji ýanwarda geçirilen ses berişligiň ilkinji tapgyrynyň hiline gowy baha berip, Kiýewi gutlady.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Filip Krowly bu barada sözlän sözünde, saýlawlara gözegçilik eden toparlardan biri bolan Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň bu ses berişligiň öňkiler bilen deňeşdirilende hiliniň ýokary bolanlygyny aýan edenligini mälim etdi.

“Biz ÝHHG tarapyndan hiline gowy baha berlen, şeýle-de mundan ozal geçirilen saýlawlar bilen deňeşdirilende uly özgerişikligiň bolanlygy aýdylan 17-njy ýanwardaky prezidentlik saýlawlarynyň geçirilmegi bilen Ukrainanyň ilatyny gutlaýarys. Bu Ukrainada demokratiýanyň ösüp barýanlygynyň ýene bir alamatydyr. Birleşen Ştatlary 7-nji fewralda geçiriljek saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň erkin we adalatly bolmagyna, şeýle-de Ukrainanyň ilatynyň saýlajak prezidenti bilen işleşmäge garaşýar” diýip, Krowly aýtdy.

Ýekşenbe güni geçirilen ses berişlikde Ukrainanyň oppozision lideri Wiktor Ýanokuwiç berlen sesleriň 35, premýer-ministr Ýulia Timaşenko 25 we prezidentlikden çekilýän Wiktor Ýuşenko bolsa sesleriň diňe 5 prosenti töweregini gazandy.
XS
SM
MD
LG