Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa Owganystan boýunça Waşington bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna beren interwýusynda, Birleşen Ştatlaryň harby enjamlary daşaýan bir uçaryna rus howa giňişligini ulanyp Owganystana geçmäge rugsat edilenligini aýtdy.

Ol Birleşen Ştatlaryň şeýle enjamlary öz içine alan başga bir uçaryna-da Orsýetiň howa giňişliginden Owganystana geçmäge rugsat berilmegini Orsýetden haýyş edenligini aýdyp, emma Waşington soňra bu kararyny goýbolsun etdi diýdi.

Lawrow aýratynam Orsýetiň Owganystan boýunça Birleşen Ştatlary bilen gelnen ylalaşygy ýerine ýetirmäge taýýardygyny sözleriniň üstüne goşdy.

Ol aýratynam Amerikanyň Owganystan boýunça tranzit gatnawynyň Merkezi Aziýada ýerleşýän käbir ýurtlar, aýratynam Gazagystan bilen aralaryndaky tehniki ylalaşmazlyklar zerarly päsgelçilik bilen ýüzbe-ýüz bolup duranlygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG