Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň ruhany lideri oppozisiýa duýduryş berdi


Eýranyň baş ruhany lideri Aýatolla Hamenei bu ýurtda hereket edýän oppozision toparlaryna ýüzlenip, olary ýurduň duşmanlary bilen hyzmatdaşlyk etmezlige çagyrdy.

Onuň bu baradaky pikiri Eýranyň oppozision liderlerinden biri bolan we bu ýurduň öňki prezidenti Muhammed Hatamynyň oppozisiýanyň ýurtda basyşlaryň we tutha-tutlugyň täze tapgyry bilen ýüzbe-ýüz bolup duranlygyny aýtmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Oppozision toparlary 11-nji fewralda ýene protest gurnamagy planlaşdyrýarlar. Mundan ozal Eýranyň ruhany liderlerinden biri bolan Montazeriniň ýasy bilen bagly 27-nji dekabrda geçirilen protestlerde azyndan 8 adam heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG