Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe näme gazanmaga synanyşýar?


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan (sagda) we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Ankarada, 6-njy aprel, 2009-njy ýyl.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan (sagda) we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Ankarada, 6-njy aprel, 2009-njy ýyl.

Türkiýe Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ýerleşýän, NATO guramasyna agza bolan we Ýewropa Bileleşigine girmäge synanyşýan ilkinji musulman ýurdudyr.

Güýçli harby goşuna eýe bolan we Ýakyn Gündogarda uly syýasy güýçlerden biri diýlip hasaplanylýan Türkiýe soňky döwürde Merkezi Aziýa bilen aragatnaşygynda, o diýen täzelik bolmasa-da, öz goňşulary bilen bir hatarda Orsýet bilen hem aragatnaşygyny barha artdyrýar. Emma bu ýurduň daşary syýasaty bilen bagly ýakynda dünýäniň ünsüni özüne çeken esasy meselelerden biri Ysraýyl bilen aralarynda dörän we barha artýan dartgynlylykdyr.

Türkiýäniň soňky döwürlerde ýola goýan daşary syýasaty we şol syýasatda Merkezi Aziýanyň we beýleki ýurtlaryň roly barada Ankarada ýerleşýän Gazi Uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar bölüminiň professory Mehmet Seyfettin Erol bilen Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkiýäniň daşary syýasatynda soňky döwürlerde uly özgerişilikler bolup geçýär, tutynyň arkasynda näme bar? Bu barada bize maglumat beräýseňiz?


Mehmet Seyfettin Erol
Mehmet Seyfettin Erol:
ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň 2003-nji ýylda Yraga çozmagy we bu ýurda öz harbylaryny Türkiýäniň üstünden ibermegi barada eden teklibiniň Türk parlamenti tarapyndan ret edilmeginden soňra, Ankaranyň Ýakyn Gündogar boýunça daşary syýasaty üýtgäp başlady. Türkiýe esasanam Birleşen Ştatlaryň Yraga çozmagy, şeýle-de separatist kürt toparlarynyň ýurda abandyrýan howpy bilen bagly şeýle netijä geldi.

“Ankara serhediniň töwereginde durnuklylygy üpjün etmäge mejbur”. Türkiýäniň häzirki döwürde parahatçylykly ýagdaýy we edýän aladasy bu tagallanyň bir bölegidir.

Şeýlelik-de Türkiýäniň Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly we häkimiýeti dolandyrýan “Adalat we Galkynyş Partiýasy” regionda durnuklylygy ornaşdyrmaga synanyşmak bilen bir hatarda ykdysady taýdan goňşy we “Pars aýlagynyň” töwereginde ýerleşýän ýurtlaryň bazarlaryndan hem mümkin boldugyça peýdalanmaga çalyşýar.

Türkiýäniň daşary syýasatynyň başga bir ugry hem Günbatar bilen Gündogaryň arasyndaky demokratik köpri roluny oýnamaga synanyşmagydyr. Demokiratik we döwrebap ýurt hökmünde Türkiýe bu artykmaçlygyndan Günbatarda hem Gündogarda ýerleşýän ýurtlar bilen aragatnaşygynda peýdalanmak üçin tagalla edýär.

Azatlyk Radiosy: Ysraýyl bilen Türkiýäniň arasynda söňky döwürlerde ýüze çykan dartgynlylyk Ankaranyň goňşulary bilen aragatnaşygyny artdyrmak barada edýän aladalaryna gabat gelýärmi?

Mehmet Seyfettin Erol:
Türkiýäniň özi üçin strategiki ähmiýete eýe regionlarda emele gelen güýç boşlugyny doldurmaga synanyşmagy, regionda liderlik roluny ýerine ýetirýän Ysraýyl ýaly ýurtlaryň täsirini çäklendirýär.

Häzirki döwürde agressiw äheňli daşary syýasata eýe bolan Ysraýyl bilen, daşary syýasaty parahatçylyga, dialoga we hyzmatdaşlyga esaslanýan Türkiýäniň arasynda bu region bilen bagly öz bähbitleri boýunça ylalaşmazlyklaryň ýüze çykyp başlanlygyny aýtmak mümkin.

Türkiýäniň ýola goýan täze daşary syýasaty sebäpli regionda täsiri barha azalýan Ysraýyl daş-töwereginden gabalyp barýanlygyny pikir edýär. Ysraýylyň şeýle pikir etmeginde, Türkiýäniň Müsür, Siriýa, Liwan we aýlag regionynda ýerleşýän beýleki ýurtlar bilen aragatnaşygyny artdyrmagynyň roly hem gaty uludyr.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan bilen Ysraýylyň prezidenti Şimon Peresiň arasynda geçen ýyl bolan jedel, şeýle-de Türkiýäniň Ysraýyldaky ilçisiniň ýakynda kemsidilmegi bilen bagly waka bu iki ýurduň arasyndaky dartgynlygyň diňe göze ilen bölegidir.

Problemanyň esasy merkezi – Ysraýylyň Türkiýäniň häzirki döwürde alyp barýan daşary sýyasatyndan biynjalyk bolmagy we Türkiýäniň alyp barýan bu syýasatyna Waşingtonyň hem goldaw bermegidir. Sebäbi Ysraýylyň alyp barýan syýasaty Birleşen Ştatlaryň häzirki prezidenti Barak Obamanyň region boýunça pozisiýasyna gabat gelenok we Ysraýyl bu ýagdaýa göz ýetirip bilenok.

Azatlyk Radiosy: Türkiýäniň Ysraýyldaky ilçisiniň Daşary işler ministrligine çagyrylyp, kemsidilenligi üçin dörän dartgynlylyk aradan aýryldy diýip bolarmy? Mundan beýläk bu iki ýurduň aragatnaşygynda nämelere garaşyp bolar?


Mehmet Seyfettin Erol:
Men bu problema çözülendir diýip pikir edemok. Ysraýyl Türkiýäniň alyp barýan bu syýasaty we öz ilçisi bilen bolup geçen kemsitme bilen bagly reaksiýasyny görkezmegi dowam eder. Sebäbi Ärdoganyň Ysraýylyň prezidenti Peresiň sözüni “bir minut” diýip kesenligi bilen bagly dörän dartgynlylykdan soňra bolşy ýaly, Ysraýylyň Türkiýäniň ilçisini kemsitmegi bilen bagly wakanyň soňy hem beýle tiz gelmez.

Sebäbi Ysraýyl öz maksadyna ýetip bilmedi we Türkiýäniň hem häzirki döwürde alyp barýan syýasatyndan yza çekilmek niýeti ýok. Türkiýäniň bu syýasatyny goýbolsun etmegi Siriýa bilen aragatnaşygyny artdyrmak ugrunda alyp barýan syýasatyndan we Palestina barada eýeleýän pozisiýasyndan hem çekilýänligini aňladar. Türkiýe beýle ädim ätmez we Ysraýylyň Ankaranyň alyp barýan bu syýasatyny makullamajagyna görä, Ysraýylyň nukdaýnazaryndan problemanyň dowam edýänligi aýandyr.

Şunlukda Türkiýe bilen Ysraýylyň arasynda wagtal-wagtal şeýle dartgynlylyk ýüze çykar durar. Şol bir wagtyň özünde-de men Türkiýäniň Ysraýyl bilen aragatnaşygynda mundan beýläk diňe özüni gyzyklandyrýan meseleler däl, tutuş region boýunça talaplary-da orta atjakdygyny çak edýärin.

Ysraýylyň bu talaplary berjaý etmedik halatynda Türkiýäniň regiondaky beýleki ýurtlar bilen bir hatarda Ysraýyla garşy alyp barýan syýasatyny hasam berkitjekdigini-de güman etse bolar.

Azatlyk Radiosy: Türkiýäniň regionda ýerleşýän musulman ýurtlar bilen aragatnaşygyny artdyryp, Ysraýyla garşy alyp barýan syýasatyny berkitmegi Günbatarda Ankaranyň ýüzüni Gündogara öwrenligi barada pikir döredýär. Türkiýäniň daşary syýasaty boýunça bilermen hökmünde bu ýagdaýa siz nähili baha berýärsiňiz?

Mehmet Seyfettin Erol: Türkiýäniň ýüzüni Gündogara öwrenligi baradaky pikir Ysraýylly alymlar tarapyndan orta atylan propagandadyr. Bu bir jähtden Ysraýylyň Türkiýäniň içeri işlerine aralaşýanlygyny hem aňladýar, şeýle-de bu Ysraýylyň Türkiýäniň alyp barýan syýasatyndan rahatsyzlanmagynyň bir alamatydyr.

Emma ýagdaýa Türkiýäniň nukdaýnazaryndan seredilende, Ankara ýerine dolanyp, oýnamaly roluny oýnap, regiondaky güýç boşlugyny doldurmak arkaly goňşulary bilen bilelikde hereket edip başlady. Netijede Ankaranyň häzirki döwürde alyp barýan syýasatyndan diňe Türkiýäniň öz ilaty däl, regionyň ýaşaýjylary hem hoşal. Sebäbi olar Ankaranyň mundan ozal o diýen üns bermedik regionyna üns berip başlanlygyny görýärler.

Ysraýyl bilen Türkiýäniň arasynda soňky döwürlerde ýüze çykan dartgynlylykda hökümet ýolbaşçylary, oppozisiýa we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bir perdeden gopmagy hem munuň anyk mysalydyr.

Azatlyk Radiosy: Türkiýe soňky döwürlerde käbir ýurtlar bilen arasyndaky wiza režimini ýatyrdy, meselem, Siriýa, Liwan we Liwiýa bilen bu barada ylalaşyga gelindi we Orsýet bilen hem bu ugurda gepleşikler geçirilýär. Bu ugurda Türkiýe näme gazanmaga synanyşýar?

Mehmet Seyfettin Erol: Türkiýe töwereginde ýerleşýän ýurtlar bilen aragatnaşygyny artdyrýar we olar bilen aralaryndaky problemalary diskussiýa arkaly çözmäge synanyşýar. Şol ýurtlar bilen wiza režiminiň ýatyrylmagy olaryň arasynda dörän ynamyň derejesini aňladýar. Eger ýadyňyzda bolsa, mundan 12 ýyl ozal Türkiýe bilen Siriýa tasdan çaknyşypdylar.

Emma häzirki döwürde bu iki ýurduň arasynda integrasiýa boýunça alnyp barylýan işler uly ähmiýete eýedir. Siriýadan soňra, Türkiýe Liwan bilen we ondan soňra-da Yrak bilen şeýle aragatnaşyklary ýola goýar.

Kawkaz regionynda parahatçylyk ornaşan ýagdaýynda Gürjüstan, Ermenistan we Azerbaýjan hem bu topara goşular. Regionda durnuklylygyň emele gelmegi Türkiýäniň bähbidine gabat gelýär, şunluk-da regionda ýerleşýän ýurtlaryň arasynda wiza režiminiň ýatyrylmagy Türkiýäniň parahatçylyk we durnuklylyk boýunça alyp barýan syýasatynyň ugurlarynyň biridir.

Azatlyk Radiosy: Türkiýe öz goňşulary bilen aragatnaşygyny artdyrýar, emma Merkezi Aziýa bilen Türkiýäniň aragatnaşygynda soňky döwürlerde hiç hili täzelik göze ilmedi, Ankara şol regiony ýatdan çykardymy?


Mehmet Seyfettin Erol: Hiç zat ýatdan çykarylmady. Türkiýe öz güýjüni, şeýle-de milli bähbitlerini göz öňünde tutup, Orsýet bilen hem aragatnaşygyny artdyrmaga synanyşýar. Elbetde, Türkiýäniň bu ugurda alyp barýan aladalarynyň çäginde ilkibaşda ähmiýet berýän regionlary Balkanda, Ýakyn Gündogarda we Gara Deňziniň töwereginde ýerleşýän ýurtlardyr.

Bu aladalarynyň ikinji tapgyrynda Türkiýe Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlara ähmiýet berip başlar. Eger ýadyňyzda bolsa, geçen ýyl Gazagystan bilen Türkmenistan Türkiýe bilen strategiki hyzmatdaşlygy yglan etdiler. Bu gaty möhüm ädimdir.

Türkmenistan ýaly ýurduň nukdaýnazaryndan seredilende, bu gaty möhüm bolup, şol bir wagtyň özünde-de bu şol ýurduň daşary syýasatynda gelnen häzirki derejäni hem aňladýar. Häzirki döwürde Türkiýäniň daşary syýasatynda Merkezi Aziýa barada o diýen gürrüň edilmeýänligini aýtmak mümkin. Eger Türkiýe öz töwereginde ýerleşýän ýurtlar bilen bagly alyp barýan proýektlerini üstünlikli amala aşyrmagy başarsa, Ankaranyň ikinji tapgyrda türki dilli döwletler bilen gyzyklanjagy anykdyr.

Şeýle-de bu region bilen bagly Türkiýe bilen Orsýetiň arasynda hyzmatdaşlygyň artjakdygyny hem aýdyp bolar, sebäbi bu iki ýurt hem öz täsiriniň astyndaky regiona üçünji bir güýjüň gelmegini islemeýär.

Azatlyk Radiosy: Onda Türkiýe geljekde Merkezi Aziýa bilen aragatnaşygyny Orsýetiň üsti bilen amala aşyrmaga synanyşar, şeýlemi?

Mehmet Seyfettin Erol: Ýok, Türkiýäniň Merkezi Aziýa bilen aragatnaşygyny Orsýetiň üsti bilen gurmak ýaly bir aladasy ýok. Türkiýe Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlar bilen mundan ozal hem aragatnaşyk gurmaga synanyşdy, emma Ankaranyň şu mahal goýberen ýalňyşlygy onuň regionda Günbatar bilen bilelikde hereket etmäge synanyşmagydyr.

Emma häzirki döwürde Türkiýe region boýunça öz proýektini ýola goýmaga synanyşýar we Ankara bu proýektiniň çäginde Moskwa şu signaly bermäge synanyşýar.

“ Eger region boýunça biz haýsydyr bir bäsdeşlige başlasak, ikimiz hem utularys, emma uly ýetgä duçar boljak sen bolarsyň, sebäbi ýurduň içinde we töwereginde ýerleşýän türki dilli we musulman ilat ýurduň ikinji gezek bölünmegine sebäp bolup biljek derejede güýçlüdir”.

Meniň pikirimçe, Orsýet bilen Türkiýe öz güýjüni birleşdirip hereket etseler, diňe Kawkaz we Merkezi Aziýada däl, Günbatara we Ýewropa Bileleşiginiň garşysyna hem öz pozisiýalaryny güýçlendirip bilerler.

Azatlyk Radiosy: Orsýete ýakynlaşmak arkaly Türkiýäniň göz oňünde tutýan maksady – Moskwa bilen bileleşip, Günbatara garşy pozisiýasyny güýçlendirmekmi?


Mehmet Seyfettin Erol: Türkiýe bilen Orsýetiň belli bir aladalary we Günbatar ýurtlary bilen bagly käbir problemalary bar. Meselem, Günbataryň o diýen ynanyp bolmajak häsiýetleri bar. Bu ýagdaýa Türkiýe Yrak bilen bagly meselede ýakyndan şaýat boldy. Kürt separatist topary bolan PKK terroristik guramasy bilen bagly hem Türkiýe Günbataryň özüni alyp barşyna ýakyndan göz ýetirdi.

Orsýet hem Sowet Soýuzy dargandan soňra, ençeme mesele boýunça Günbataryň şeýle pozisiýalary bilen ýüzbe-ýüz boldy. Şunluk-da dürli howplar we aladalar bu iki ýurdy biri-birine ýakynlaşdyryp başlady. Elbetde, Birleşen Ştatlaryň Ýakyn Gündogar we Owganystan boýunça alyp barjak syýasaty Türkiýe bilen Orsýetiň aragatnaşygynyň geljekki ugruny hem kesgitlär.

Häzirki döwürde Türkiýe bilen Orsýetiň aragatnaşygyny artdyrmaga synanyşmaklary bu iki ýurduň Günbataryň öňünde öz güýjüni artdyrmak ýaly bir pikir döretse-de, uzak möhletde bu iki ýurduň aragatnaşygy Merkezi Aziýada Hytaýyň täsiriniň öňüni almaga hem kömek eder.

Azatlyk Radiosy: Siziň öňe süren bu pikirleriňizden çen tutulsa, Türkiýäniň öz ýüzüni Gündogara öwürmeýänligini aýtmak mümkin däl, şeýle dälmi?

Mehmet Seyfettin Erol: Türkiýe ýüzüni ne Günbatara, ne-de Gündogara öwürýär, belkem, ol öz bähbitlerine laýyklykda syýasat alyp barýar we öz proýektlerini durmuşa geçirmäge synanyşýar.

Başgaça aýdylanda, Türkiýäniň dörän pursatdan peýdalanmaga synanyşýanlygyny hem aýdyp bolar. Häzirki döwürde Günbatar bilen Gündogaryň arasyndaky pozisiýasy Ankara öz täsirinden peýdalanmaga uly mümkinçilik döredýär.

Eger üns beren bolsaňyz, Türkiýe ne Orsýet bilen gaty ýakynlaşýar, ne-de Amerikanyň tarapyny tutmak isleýär, şunluk-da Ankara bu iki güýjüň arasynda deňhukukly pozisiýany eýelemek arkaly köp ugurly syýasat alyp barmaga synanyşýar.
XS
SM
MD
LG