Sepleriň elýeterliligi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwründe Türkmenistanda demokratik ösüşiň hem özgerişleriň ýol almagy mümkinmi? Eger-de Türkmen Döwlet Habarlar Gullugynyň ýaňy-ýakynda, has takygy 7-nji ýanwarda, ýaýradan ”Dünýä metbugatynyň sahypalarynda” atly materialyna üns berseň, onda bu o diýen mümkin däl zat bolubam görnenok.

Sebäbi bu material köp ýyllardan soň Türkmenistanda ilkinji gezek söz azatlygyna tarap ädilen görnetin ädimdir. Söz azatlygy meselesinde halys göýdük edilen žurnalistleriň, ýazyjylaryň, türkmen intelligensiýasynyň köpçüliginiň entek kiçi-girim özgerişi göwnüçökgün garşylajakdygyna men gowy düşünýärin.

Dünýäniň käbir dillerinde, şol sanda şwedlerde-de ”Bir garlawaç ýazy getirmez” diýen nakyl bar. Şondan çen tutsaň, agzalan habar entek hiç bir jähtden düýpli täzeligi aňladyp bilmez.

Elbetde, uzak ýyllar boýy söz we metbugat azatlygyna garaşmakdan ýaňa halys ýagyr bolan türkmenleriň bu sagdyn göwnüçökgünligi bilen ylalaşmazlyk kyn. Emma ýazy getirmese-de, agzalan materialyň iň bärkisi ýazyň buşlukçysy bolup biljekdigini hem ünsden düşürmeli däl.

Soňky üç ýylyň dowamynda biz döwlet dolandyryşynyň köne nyýazowçylyk totalitar usuly bilen prezident G.Berdimuhamedowyň ondan birneme tapawutly liniýasynyň sessiz dikleşigini synlaýarys. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlary boýunça, şol sanda metbugatda-da doly agalyk eden diýdimzor nyýazowçylygyň Berdimuhamedowyň wada beren, ymtylýan açyk-aýdyňlyk syýasaty bilen bir asmanyň astyna uzak sygyşmagy, elbetde, birneme geň görünýär. Aslynda bu uzaga çekip bilmeli ýagdaý däl.

Metbugatçylaryň gözüne ildi

Belki, bu totalitar böwediň böwsüljek güni golaýlaýandyr? Ýöne böwsülme duýarlykly bolmasa, ol uzak wagtlap söz azatlygyna suwsap gelen türkmen halkynyň, türkmen intelligensiýasynyň teşneligini gandyryp bilermikä? Ýanwar aýynyň başynda ýüz beren simwolik ”böwsülişiň” häzirlikçe diňe metbugat bilen gündelik iş salyşýan adamlaryň gözüne ilmegi eýse şondan dälmikä? Ýöne, eger ýaz golaýlamasa, habarlar asmanynda hatda ýekeje ”garlawajyň-da” görünmejekdigine häzirlikçe, meger, diňe metbugatçylar düşünýän bolsa gerek.

Eýse, Türkmenistanyň asmanynda täze ýylyň başynda birdenkä peýda bolan simwoliki garlawaç nämedi? Ol, elbetde, Türkmen Döwlet Habarlar Gullugynyň ýurtda ýaýradan resmi materialynda garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda seýrek duşýan hadysa bilen bagly.

Şonda TDH gullugy daşary ýurt köpçülikleýin habar serişdeleriniň Türkmenistan baradaky habarlaryna syn ýazyp, ony halka ýetirdi. Abraýly daşary ýurt köpçülikleýin habar serişdeleriniň arasynda ”Nemes Tolkunlarynyň” we Azatlyk Radiosynyň materiallaryna-da mynasyp baha berildi. Eger-de bu hadysa öňküler ýaly seýrek duşýan tötänlik bolup galsa, onda onuň gymmaty kän däl. Diýmek, köp zat bu simwoliki garlawajyň hakyky ýazyň buşlukçysydygyna ýa-da däldigine bagly.

Eger-de prezident Berdimuhamedow edil häzir syýasy inisiatiwany hut öz eline alyp, döwlet apparatyny ýokary wezipeli reaksion pikirli çinowniklerden arassalamagy başarsa hem-de ýurtda söz we metbugat azatlygyny girizip, köp garaşdyran demokratik reformalaryň başyny başlasa, onda Türkmenistanyň habarlar asmanynda gyşyň ortasynda görnen garlawajyň ýetip gelýän düýpli özgerişleriň simwolydygyna ynansa bolardy.

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG