Sepleriň elýeterliligi

BMG: Global krizis bilime-de täsir etdi


Bilim barada başa barmadyk potensialdan gürrüň edilende, Birlşen Milletler Guramasynyň Bilim, Ylym we Medeniýet meseleleri baradaky guramasynyň (UNESCO) Baş direktory Irina Bokowa göze dürtülip duran mysal hökmünde Owganystana salgylanýar.

“Ol ýerde betbagtçylykly ýagdaý höküm sürýär. Men ýaňy sanlara seretdim. Owganystanda aýallaryň 90 prosentine golaýy okamagy-ýazmagy ýa düýpden bilenok, ýa-da bilşi gaty gowşak, üzlem-saplam” diýip Bokowa aýdýar.

UNESCO-nyň 19-njy ýanwarda neşir eden global bilim ýagdaýy baradaky raportyna içgin üns berilýän ýurtlar Owganystan bilen Pakistan.

Raportda aýdylyşyna görä, ol ýerde bisowatlyk derejesiniň beýle ýokary bolmagyna getirýän zat – aýallar bilen erkekleriň deň tutulmaýanlygy. Regionda bisowat ilatyň 63 prosentini aýallar emele getirýär.

Owganystan bilen Pakistanda bisowat erkekler hem köp. Ýöne bisowat aýallaryň sany erkekleriňkiden iki esse ýokary. UNESCO ýokary okuw ösdürmek üçin 15 million dollarlyk bäş ýyllyk proýekti amala aşyryp ýör. Bular ýaly programma Pakistan barada hem bar. Bu ýurtlaryň ikisi üçin hem esasy zat okuw diýilýär.

“Hünär we tehniki okuw. Käbir ýurtlara garyplykdan krizisden çykmaga ýeke-täk ýoldur. Öz ýurtlarynyň ykdysadyýetine goşant goşmagy üçin ýaşlara hünär we başarnyk gerek” diýip, Bokowa aýdýar.

Raportda Gündogar Ýewropada hem bisowatlygyň azlyk milletler barada uly problema bolup durýanlygy aýdylýar.

“21-nji asyrda 800 million adamyň bisowat bolmagy, bularyň hem üçden iki böleginiň aýal-gyzlar bolmagy kabul ederliksiz. Meniň pikirimçe bu bir aşa ýokary san. Biz muny çözmeli” diýip, Bokowa nygtaýar.

Raportda strategik maksat – mugallymlaryň sanyny hem bilimini ýokarlandyrmak diýilýär. “Üçünji dünýä ýurtlarynda mugallymlara tölenýän aýlyk haky gaty pes. Bu hem bilimyň hiline zyýan ýetirýär. Munuň açyk mysaly, Orta Aziýa ýurtlary” diýip, raportda bellenilýär.
XS
SM
MD
LG