Sepleriň elýeterliligi

Ýakyn günlerde “Wall Street Journal” neşiri Waşingtonda ýerleşýän “Heritage Foundation”, ýagny “Miras barlaglar Fondy” bilen bilelikde dünýäde ykdysady azatlyk boýunça hasabatyny çap etdi. On ýyldan gowrak wagt bäri ýylda çap edilýän bu hasabatda dünýäniň ykdysady azatlygyna syn edilip, baha berilýär.

“Wall Street Journal” neşiri we Waşingtonda ýerleşýän “Heritage Foundation” tarapyndan çap edilýän “Ykdysady Azatlyk Indeksi” atly hasabatyň 2010-njy ýyl boýunça sanawynda Türkmenistan 171-nji orunda ýerleşýär. Sanawda jemi 179 ýurt bar. Hasabata görä, Türkmenistandan soň Kongo, Liwiýa, Wenesuela, Birma, Eritreýa, Kuba, Zimbabwe we Demirgazyk Koreýa durýar.

Ykdysady azatlyk näme?

“Ykdysady Azatlyk Indeksi - 2010” hasabatynda aýdylyşyna görä, ykdysady azatlyk - her bir adamyň öz zähmet güýjüni we emlägini dolandyrmak boýunça esasy hak-hukugy bolup durýar. Ykdysady taýdan azat jemgyýetde adamlar öz islegine görä, işlemek, gazanmak, maliýe serişdelerini sarp etmek we maýa ýatyrmak hukugyndan erkin peýdalanyp bilýärler. Olaryň ykdysady azatlygy döwlet tarapyndan goralýar.

Hasabatda ýurtlaryň ykdysady azatlygyna 10 kategoriýadan we 100 balyň çäginde baha berilýär. Bizness, söwda, maliýe, hökümetiň çykdajylary, pul dolanyşygy, maýa goýumlar, emläk hukugy, zähmet azatlygy kategoriýalardan ýurduň ýagdaýyna syn edilýär.

2010-njy ýyl boýunça hasabatda 171-nji orunda duran Türkmenistana 42.5 baldan ybarat baha berildi. 2009-njy ýyl boýunça hasabatda Türkmenistan 169-njy orundady, ýagny ykdysady azatlyk ýagdaýy boýunça şu ýylky görkezijisinden iki setir öňde barýardy.

Ykdysady azatlyk boýunça täze hasabatda Türkmenistanda aýratynam inwestision azatlygy we pul-kredit erkinliligi taýdan yzagaýdyşlygyň emele gelenligi bellenildi we Türkmenistana berilýän bahalaryň hasabatdaky beýleki döwletler bilen deňeşdirilende, orta görkezijilerden hem pesdigi aýdyldy.

Türkmenistan täze ösüşlerini yglan edýär

Türkmenistan bazar ykdysadyýetine tarap ädim ätmäge isleg bildirýär. Hususan-da, ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek ugrunda täze energiýa bazarlaryna çykmak, ýurda daşary ýurtly maýa goýumlaryny çekmek, telekeçiligi ösdürmek, orta we maýda biznese goldaw bermek ýaly meselelere üns artdyryldy. Emma munuň bilen birlikde ýurduň ykdysady ösüşiniň güýçli depginde dowam edýänligi hem resmi derejede yglan edilmegi dowam etdirilýär.

15-nji ýanwarda geçirilen hökümet maslahatynda prezindet G.Berdimuhamedow 2009-njy ýylda ýurduň umumylykda öňküden iki esse ykdysady ösüşe eýe bolanlygyny mälim etdi: “2009-njy ýylda gazanylan ajaýyp üstünlikler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini görkezýän anyk sanlarda hem aýdyň görünýär. Biz önümleriň öndürilişiniň depgini has-da artdyrdyk we zähmet öndürijiligini ýokarlandyrdyk”.

Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine aralaşmagy örän haýal gidýär diýip, “Wall Street Journal” neşriniň we “Heritage Foundation” barlaglar fondunyň ykdysady azatlyk boýunça täze hasabatynda baha berildi. Maglumatda Türkmenistanyň energiýa serişdelerine garaşly ykdysadyýetiniň döwletiň kontrollygynda galýanlygy bellenip, munuň ýurduň ykdysady azatlyga tarap özgerişini kynlaşdyrýanlygy aýdyldy.

Ykdysady azatlyk boýunça hasabatda Türkmenistanyň ykdysady binýädynyň çäklidiginiň, hökümet dolanyşygynyň netijesizliginiň we döwletiň ykdysadyýete goşulmagynyň ýurtda sagdyn hususy sektoryň döremegine böwet bolup, ösüşiň haýallamagyna sebäp bolanlygy bellenildi.

"Maýa goýujylara hem ykdysady azatlyk gerek"

Soňky ýylyň dowamynda Türkmenistan daşary ýurtly inswetorlary ýurda maýa ýatyrmaga çagyryp gelýär. Muňa garamazdan ýurduň halkara hyzmatdaşlygy güýçlenip, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň sany ozalkysyna garanda köpelen hem bolsa, halkara derejesinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirilýärkä, ýurduň ykdysadyýetine öz puluny ýatyrmak isleýän kompaniýalaryň köp däldigini bilermenler belleýärler.

“Daşary ýurt kompaniýalary üçin Türkmenistanda biznes alyp barmak agyrlygyna galýar. Sebäbi kanunlar reformirlenmedi, biznes üçin şertler özgermedi” diýip, Merkezi Aziýa we Kawkaz Institutynyň “Ýüpek Ýol” programmasynyň müdiri Swante Kornel belleýär.
Daşary ýurt kompaniýalary üçin Türkmenistanda biznes alyp barmak agyrlygyna galýar. Sebäbi kanunlar reformirlenmedi.


Daşary ýurt kompaniýlarynyň ýurda maýa ýatyrmaga ýygy-ýygydan çagyrylmagyna garamazdan, daşary ýurt biznesiniň Türkmenistanyň ykdysadyýetine öz puluny ýatyrmaga howlukmazlygy ýurduň ykdysadyýetinde açyk-aýdyňlygyň we erkinligiň ýetmezçilik edýänliginiň aýdyň mysaly bolup durýar diýip, synçylar belleýärler.

Şu günki gün Türkmenistanyň regional derejesinde orta we kiçi biznes alyş-çalyş proseslerinden hem üzňelikde durýanlygyny synçylar aýdýarlar. Hususan-da, Owganystanly telekeçiler regionyň beýleki döwletlerinden tapawutlylykda Türkmenistana barmagyň elýeterli däldigini gürrüň berýärler.

“Men, mysal üçin, näçe sapar Eýrana, Hindistana, Dubaýa, Hytaýa gitdim, emma ata Watanym bolan Türkmenistana barmaga synanyşýan welin, maňa wiza berilmeýär. Menden başga-da müňlerçe adam şeýle ýagdaýda. Türkmenistan goňşy döwletler üçin bazar bolup durýar. Türkmen önümleri hem Owganystana getirilip satylsa, bu Türkmenistanyň ykdysadyýetine kömek etjek” diýip, Owganystanly türkmen telekeçisi Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG