Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanda «Gara ýanwaryň» 20 ýyllygy bellenilip geçilýär


Şu gün Azerbaýjanda «Gara ýanwar» ady bilen taryha giren we halk çykyşlarynyň gazaply basylyp ýatyrylmagy bilen alamatlanan wakanyň 20 ýyllygy bellenilip geçilýär.

1990-njy ýylyň başynda Azerbaýjanyň garaşsyzlygy baradaky çagyryşlar bilen ýerli azerbaýjanlylaryň gurnan protest çykyşlaryny basyp ýatyrmak üçin 1990-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Kremliň görkezmesi bilen Baku şäherine 26 müň töweregi harby ýollanypdy.

Harbylaryň parahat demonstrasiýaçylara garşy ok atmaklary netijesinde bolsa, şonda 130-dan gowrak adam ölüp, 700 töweregi adam ýaralandy.

Soňraky halk gozgalaňlarynyň öňüni almak üçin Sowet häkimiýeti şonda Baku şäherinde bir ýyldan gowrak wagtlap adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizipdi.

Bu tragediýanyň hatyrasyna şu gün gündiz sagat 12:00-da Bakuwyň transport ýollarynda maşyn gatnawlary bir minutlyk togtadylyp, dymyşlyk yglan edildi.
XS
SM
MD
LG