Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gollandiýaly deputat Wilderse ilkinji sud diňlenişigi boldy


Şu gün Gollandiýanyň parlament deputaty Giirt Wilderse yslam dinine garşy ýigrenji öjükdirmekde bildirilýän aýyplama boýunça ilkinji sud diňlenişigi boldy.

Deputat Giirt Wilderse onuň 2008-nji ýylda «Fitna» ady bilen döreden dokumental filmi boýunça jenaýat aýyplamasy bildirilýär. Giirt Wildersiň bu filmi «Gurhanyň» zorluklara meçew berýändigi baradaky ideýany öňe sürýär.

Şeýle hem, Giirt Wilders öz çykyşlarynda yslam dinini faşizm bilen deňeşdirip, «Gurhany» bolsa Adolf Gitleriň «Mein Kampf» kitaby bilen deňäpdi.

Köp synçylar golland deputatyna garşy gozgalan bu sud işini Gollandiýadaky söz azatlygy bilen baglanyşykly özboluşly bir synag prosesi hökmünde baha berýärler.
XS
SM
MD
LG