Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkiýede Al-Kaýda bilen baglanyşyklykda güman edilýän 13 adam tussag edildi


Öten agşam Türkiýäniň ýarym resmi «Anadoly» habar agentligi Türkiýede Al-Kaýda terror guramasy bilen baglanyşyklykda güman edilýän 13 adamyň tussag edilendigini habar berdi.

Maglumatda Ankarada geçirilen bu operasiýada tussag edilenleriň arasynda bu toparyň lideriniň hem bardygy aýdylýar.

Bu wakanyň onýany, hepdäniň duşenbe güni hem Türkiýäniň Adana şäherinde geçirilen başga bir operasiýada Al-Kaýda terror guramasy bilen baglanyşyklykda güman edilýän başga-da 20 adam tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG