Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara Walýuta Fondy: “Gaitä hemmetaraplaýyn kömek edilmeli”


“Halkara Walýuta Fondunyň” ýolbaşçysy Dominik Strauss Kan ýer titremeden aşa zyýan çeken Gaitini gaýtdan dikeltmek barada Ikinji jahan urşundan soňra Amerikanyň Ýewropany gaýtadan gurmak barada yglan eden we “Marşal plany” diýlip atlandyrylan plan ýaly aladanyň yglan edilmelidigini aýtdy.

Strauss Kan Gaitiniň dürli problemalar, şol sanda azyk iýmitiň ýetmezçilik etmegi, ýangyjyň bahasy baradaky krizis, şeýle-de ýer titreme ýaly dürli helakçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolup duranlygyny aýdyp, bu ýurt uly ýardama mätäç diýdi.

Halkara jemgyýetçiligi 12-njy ýawarda güýji rihter ölçeginde 7 balla barabar bolan ýer titremeden soňra Gaitä iberilen ýardamlary guramalaşdyrmaga synanyşýar. Häzirki döwürde esasy üns adamlary halas etmäge gönükdirilendir.

Resmiler paýtagt Porto-au-Prinsi weýran eden şol ýer titmede 200 müň töweregi adamyň heläk bolanlygyndan howatyr edýärler.

Şol bir wagtyň özünde Amerikanyň Birleşen Ştatlary Ýakyn Gündogar we Ýewropa ibermäge niýetlän 4000 töweregi esgerini Gaitä ugratmak kararyna geldi.

Harby ýolbaşçylar tarapyndan berlen maglumata görä, bu baradaky karardan olar sişenbe güni habardar edilipdir.

Şol esgerler Gaitide alnyp barylýan ynsanpwerwerlik aladalaryna kömek ederler.
XS
SM
MD
LG