Sepleriň elýeterliligi

BMG Eýrana edilen teklip gün tertibinde dur diýdi


BMG-niň “Halkara Atom Energiýa Agentligi” baýlaşdyrylan uranyny daşary ýurtlara ibermek baradaky edilen teklibi Eýranyň ret etmegine garamazdan, bu planyň gün tertibinde duranlygyny aýtdy.

Diplomatlaryň aýtmagyna görä, Tähran bu teklibiň häzirki görnüşiniň esasy aspektini özüniň kabul etmejegini ady agzalýan agentlige bildiripdir.

Eýranyň bu baradaky reaksiýasy bu ýurduň ady agzalýan agentlikdäki ýörite wekili tarapyndan guramanyň täze ýolbaşçysy Ýukiýa Amanoa şu aýyň başlarynda gowşuryldy.

Halkara Atom Energiýa Agentliginiň metbugat wekili Gill Tudor Fransiýa, Orsýet we Birleşen Ştatlary tarapyndan edilen teklibiň henizem gün tertibinde galýanlygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG