Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Hukuk goraýjy gurama Eýrandaky ýagdaýlara alada bildirdi


Adam hukuklaryny goraýjy “Human Right Watch” guramasy Eýranyň hökümetiniň häzirki döwürde soňky 10 ýylyň dowamynda görlüp eşidilmedik derejede halka basyş edýänligini aýdyp, Tährany 30 adamyň ölüminde, müňlerçe adamyň tussag edilip türmelerde gynamalara sezawar edilmeginde aýyplady.

Ady agzalýan gurama tarapyndan ýaýradylan hasabatda, iýun aýynda Eýranda prezidentlik wezipesi boýunça geçirilen jedelli saýlawlar we ondan soňra başlanan protestlerden bäri azyndan 4000 adamyň tussag edilenligi aýdylýar.

“Human Rights Watch” hökümeti tankyt edýän tanymal adamlaryň, hukuk goraýjy aktiwistleriň we aklawçylaryň tussag edilenliginiň hasaba alynanlygyny habar berdi.

Ady agzalýan gurama aýratynam keminden 26 adamyň gynamalara sezawar edilenligi we olaryň galp aýyplamalary boýun almaga mejbur edilenligi baradaky wakalara-da şaýat bolunanlygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG