Sepleriň elýeterliligi

Gazak kinosy “Gelin” OSKAR baýragyny almaga kandidat


“OSKAR” baýragy boýunça daşary ýurt dilli filmleriň kategoriýasyna giren kinolar bilen bagly ses berişligiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 9 filmden biri gazak kinosy “Gelin”dir.

Bu kategoriýa boýunça deslapky ýaryşa 65 kino gatnaşmaga mynasyp bolypdy. Şol kategoriýada ikinji tapgyra çykmagy başaran kinolardan biri gazagystanly režissýor Ermek Tursunowyň “Gelin” atly filmidir.

Gazak kinosy bilen bir hatarda soňky 9-yň sanawyna girmegi başaran filmler Fransiýa, Argentina we Germaniýa bilen bir hatarda käbir beýleki ýurtlardan hödürlenen kinolardyr.
XS
SM
MD
LG