Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň neşe we jenaýatçylyga garşy göreş boýunça wekili Aşgabada bardy


Düýn Birleşen Milletler Guramasynyň neşä we jenaýatçylyga garşy göreş boýunça Uprawleniýesiniň regional wekili Jeýms Kallah Türkmenistanda saparda boldy.

Bu saparynyň çäklerinde BMG-niň ýokary derejeli wekili Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky neşekeşlige garşy göreş boýunça koordinasion komissiýasynda, neşekeşlige garşy göreş boýunça Döwlet gullugynda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda, ýurduň Içeri işler we Daşary işler ministrliklerinde we Döwlet serhet gullugynda gepleşikler geçirdi.

Bu duşuşyklarda Türkmenistanyň resmileri BMG-niň regional wekili Jeýms Kallah bilen Türkmenistanda neşe gaçakçylygyna we neşekeşlige garşy alnyp barylýan göreş çäreleri barada pikir alyşdylar.

Käbir ýerli synçylar soňky wagtlar Türkmenistanda neşe söwdasyna we neşekeşlige garşy alnyp barylýan göreşiň hakykatanam görnetin güýçlenendigini we bu çäreleriň käbir göze ilerlikli oňyn netijeleri hem berýändigini belleýärler.
XS
SM
MD
LG