Sepleriň elýeterliligi

Medwedew Ermenistanyň we Azerbaýjanyň prezidentleri bilen duşuşar


Şu gün Orsýetiň prezident administrasiýasy prezident Dmitriý Medwedewiň 25-nji ýanwarda Soçide Ermenistanyň we Azerbaýjanyň prezidentleri bilen duşuşyp, Daglyk-Garabag meselesi barada pikir alyşjakdygyny mälim etdi.

Soňky wagtlar Ermenistan bilen Azerbaýjanyň prezidentleri Daglyk-Garabag meselesi boýunça birnäçe gezek özara gepleşik geçirdiler.

Emma bu gepleşikler bu region bilen baglanyşykly konfliktleri çözmekde göze ilerlikli netijeleri bermedi.
XS
SM
MD
LG