Sepleriň elýeterliligi

Günbatarly resmiler halkara aeroportlaryndaky howpsuzlyk çärelerini maslahatlaşarlar


Şu gün Ýewropa Bileleşigi bilen Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli resmileri halkara aeroportlaryndaky howpsuzlyk çärelerini ýokarlandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin, Ispaniýanyň Toledo şäherinde maslahata ýygnandylar.

Birleşen Ştatlaryň içerki howpsuzlyk meseleleri boýunça sekretary Janet Napolitano Ýewropa Bileleşiginiň resmilerini Ýewropadaky halkara aeroportlarynda ýolagçylaryň tutuş ýalaňaç bedenini görkezýän skanerleriň oturdylmagyna çagyrjakdygyny aýtdy.

2008-nji ýylda Ýewropa Parlamenti şeýle skanerleriň aeroportlarda otdurdylmagyna garşy ses beripdi.
XS
SM
MD
LG