Sepleriň elýeterliligi

HTTU-nyň futbol komandasy regional ýaryşda ýarym finala çykdy


GDA we Baltika döwletleriniň futbol boýunça çempion komandalarynyň arasynda dowam edýän halkara ýaryşynda Türkmenistanyň çempiony bolan Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň futbol komandasy ýarym finala çykdy.

Çärýek finalda türkmenistanly futbolçylar Özbegistanyň «Bunedkor» komandasy bilen oýnuň esasy wagtynda 1:1 hasap bilen deňme-deň oýnap, diňe goşmaça jerime urgularynda özbegistanly futbolçylardan 4:2 hasap bilen üstün çykdylar.

GDA we Baltika döwletleriniň futbol ýaryşynyň ýarym finalynda indi ertir, 22-nji ýanwarda Halkara Türkmen-Türk uniwersitetiniň ýygyndy komandasy Orsýetiň çempiony «Rubin» bilen duşuşar.

Ýarym finala çykan Gazagystanyň «Aktobe» komandasy bilen Litwanyň «Ekranas» komandasy hem finala çykmak üçin özara bäsleşerler.
XS
SM
MD
LG