Sepleriň elýeterliligi

Hytaý ikinji iň uly ykdysadyýet bolup biler


2009-njy ýylyň soňky üç aýynda bolan ýokary ösüş netijesinde Hytaý öten ýyl göz öňünde tutan ykdysady maksadyny amala aşyrmak bilen Ýaponiýadan öňe geçdi.

Ýöne Hytaýyň Milli Statistika Býurosynyň komissary Ma Jiantang, eger ýurduň ilatynyň sanyny we ykdysady ýagdaýyny nazara alsaň, onda Hytaýyň bu statistika boýunça dünýäniň beýleki möhüm ýurtlaryndan yzdadygyny boýun alýar.

“Hytaý ykdysadyýetine öten ýyl näme baha berlen hem bolsa, adam başyna düşýän tutuş içerki önüm dünýäde ýokary orny eýeleýän 100 ýurduňkydan aşakda durýar. ilatyň sany ýokary, ykdysady fundament gowşak, resurslar çäkli, köp adam garyplykda ýaşaýar. Hytaýda esasy ýagdaý häzirem şeýle” diýip, Jiantang aýdýar.

Ma 2009-njy ýylda Hytaýyň ykdysadyýetiniň 8,7 prosent ösenligini aýdýar. Resmi taýdan bolsa göz öňünde tutulan 8 prosentdi. Ykdysadyýetçiler sosial durnuklylygy saklap bilmegi üçin Hytaýyň ösüş derejesiniň iň bärisinden 8 prosent bolmalydygyny aýdypdylar.

Köp adamlar Pekiniň 2009-njy ýylyň soňky aýlarynda eden öňegidişligi dünýä ykdysadyýetine durgunlykdan çykmaga kömek bolar diýip umyt edýärler.

Inflýasiýanyň howpy

Günbatar ykdysadyýetçileri: “Munuň Hytaýyň nebit, sarp edilýän harytlar we beýleki importlara bolan talabyny artdyryp, dünýä ykdysadyýetiniň özüni dürsemegine kömek etmegi mümkin” diýýärlar.

Ýöne Ma Pekinde häzir inflýasiýanyň ykdysadyýete zyýan ýetirmeginden howatyr edilýändigini aýdýar: “Ilkinji alada ykdysady ösüşi gowşatman dowam etdirip, bahalary kontrollyk astyna almak. Biz ykdysadyýeti ösdürmeli, şol bir wagtyň özünde-de garaşylýan inflýasiýany jylawlamaly”.

Günbatarly ykdysadyýetçileriň pikiriçe, ykdysady ösüşiň dowam etmegi netijesinde Pekiniň öz puly ýuana edýän kontrollygyny gowşadyp, onuň nyrhyny dollara görä gatnaşykda ýokarlandyrmagy mümkin. “Bu göçüm netijesinde çet ýurt harytlary hytaýly sarp edijilere arzan düşüp, bu ýurda edilýän eksport artar” diýilýär.

“Global ykdysadyýet indi özüni dürsäp gelýär. Ýöne 2010-njy ýylyň ikinji ýarymynda hökümetleriň ykdysadyýetlerini goldamak üçin ýola goýan pragrammalary azalanda onuň ýene aşaklamagy mümkin” diýip, Dünýä Banky özüniň täze raportynda duýudryş berýär.

Bu raporty taýýarlanlaryň biri bolan Andrew Burnsiň aýtmagyna görä, bu krizisden gaty ejir çeken Ýewropa we Orta Aziýa ýurtlarynyň geljek 5-10 ýyllykda ýene bir krizise uçramak ähtimaly ýok däl: “Bular ýaly şertlerde, kredit bolman, kompaniýalaryň kynçylyk çekmegi netijesinde regionda ýene bir krizisiň bolmagy mümkin”.
XS
SM
MD
LG