Sepleriň elýeterliligi

ÝB Orsýeti adam hukuklaryna sarpa goýmaga çagyrdy


Ýewropanyň adam hukuklary boýunça ýokary derejeli wekili Kremle ýüzlenip düýnki eden çykyşynda, Demirgazyk Kawkazda adamlaryň alnyp gaçylmagynyň öňüniň alynmagyny we tanymal hukuk goraýjy aktiwisti öldüren adamlaryň suda çekilmegini talap etdi.

Ýewropa Geňeşiniň adam hukuklary boýunça kommisary Thomas Hammarberg Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew bilen pikir alyşandan soňra eden çykyşynda, bu duşuşykda Demirgazyk Kawkaz bilen bir hatarda Çeçenistanda adamlaryň alnyp gaçylmagy baradaky meseläni gozganlygyny aýtdy.

Hammarberga salgylanylyp, ITAR-TASS, Ria Nowosti we Interfaks habar agentlikleri tarapyndan ýaýradylan maglumatda, onuň hukuk goraýjy aktiwist Nataliýa Estimorowanyň ölümi bilen bagly meseläniň çözülmegini hem talap edenligi aýdylýar.

Ady agzalýan aktiwist geçen ýyl iýul aýynda Inguşystanda öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG