Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Päkistan söweşijilere garşy operasiýalaryny togtadýar


Päkistanyň armiýasy geljek alty aýyň dowamynda söweşijilere garşy hiç hili operasiýa geçirmejegini aýtdy.

Päkistanyň harbylarynyň metbugat wekili General Ahtar Abbas Birleşen Ştatlaryň Goranmak sekretary Robert Geýts bilen bu ýurda baran žurnalistlere beren maglumatynda, söweşijilere garşy gazanylan üstünlikleri kämilleşdirmek hem berkitmek üçin özlerine keminden 6 aý gerekdigini aýtdy.

Päkistaniň prezidenti Asif Ali Zardari we bu ýurduň harbylarynyň ýolbaşçysy bilen duşuşandan soňra eden çykyşynda, Geýts söweşijilere garşy şu wagta çenli alnyp barlan aladalaryň üstünlikli bolanlygyny mälim etdi.

Prezident Obamanyň administrasiýasy Yslamabadyň ýurduň içinde gozgalaňçylara garşy alyp barýan operasiýalary boýunça Päkistana garşy öz pozisiýasyny soňky döwürlerde ýumşatdy.
XS
SM
MD
LG