Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Özbegistan bilen Hytaý interneti senzura edýänlikde tankyt edildi


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton internete garşy senzura girizip, halkyň erkin maglumat almagyna päsgelçilik döredýänligi sebäpli Hytaýy tankyt etdi.

Ol internet azatlygy barada düýnki eden çykyşynda, geçen ýyl maglumatyň erkin ýaýradylmagy baradaky tagallalaryň uly howp bilen ýüzbe-ýüz bolanlygyny hem öňe sürdi.

Klinton interneti senzura etmek barada Hytaýda, Tunisda we Özbegistanda alnyp barylýan aladalaryň artdyrylanlygyny aýtdy.

“Biz geçen ýyl maglumatlaryň erkin ýaýramagyna garşy abanýan howpuň artanlygyna şaýat bolduk. Hytaý, Tunis we Özbegistan interneti senzura etmek baradaky aladalaryny artdyrdy. Wiýetnamda käbir tanymal Web sahypalar halka elýeterlilikden uzaklaşdyryldy. Müsürde geçen anna güni 30 töweregi aktiwist we blogçy tussag edildi” diýip, Hillary Klinton aýtdy.

Klinton aýratynam Google’yň ýurdy terk etjekdigini aýdyp duýduryş bermegine sebäp bolan ýagdaýlar we internet arkaly edilýän hüjümler barada Hytaýy aç-açan derňew geçirmäge çagyryp, onuň netijeleriniň ýaýradylmagyny talap etdi.
XS
SM
MD
LG