Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

”Awstraliýanyň turizm boýunça tejribesi uly”


Surata düşüren: Peter Symonds.
Surata düşüren: Peter Symonds.

Awstraliýa geografiki ýerleşişi taýdan dünýä ýurtlaryndan daşda, Türkmenistan bolsa halkara syýasy gatnaşyklar taýdan dünýä ýurtlaryndan çetde hasaplanýar. Häzirki wagtda bu iki ýurduň arasyndan ýakyn syýasy, ykdysady ýa-da medeni gatnaşyklar ýok. Bu iki ýurdy geljekde haýsy ugurlar ýakynlaşdyryp biler? Bu barada Awstraliýanyň "Liberal partiýasynyň" Federal direktory Braýn Lognaýn bilen Azatlyk Radiosyndan Myrat Nurgeldi söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Lognaýn, Awstraliýa diýlende, Türkmenistanyň raýaty hökmünde meniň göz öňüme birinji bilen tennis we turizm gelýär. Munuň sebäbi nämekä? Türkmenistan diýlende, Awstraliýaly syýasatçy hökmünde siz nähili ýurdy göz öňüňize getirýärsiňiz?

Braýn Lognaýn
Braýn Lognaýn:
Edil häzir bu soragy bermegiňiz örän gyzykly. Sebäbi şu wagt Awstraliýanyň Açyk tennis ýaryşy dowam edýär. Awstraliýanyň turizm senagatyna tennis uly goşant goşýar. Türkmenistanly diňleýjilere Awstraliýa syýahat edip görmegi maslahat berýän. Gyşda-da ol ýeriň howasy köplenç tomus ýaly.

Meniň pikirimçe, Awstraliýanyň adamlary Türkmenistany hem ekzotiki we başga bir dünýä hökmünde göz öňüne getirýärler. Awstraliýalylar üçin ol ýurt başdan geçirmeler üçin syýahat etmäge gowy ýer. Adaty adamlar Türkmenistana syýahata gitmezler, ýöne ol ýaşlar üçin adaty gidilýän ýerlerden gyzykly we üýtgeşik bolar.

Awstraliýanyň ýaşlary örän köp gezelenç edýärler. Meniň pikirimçe, Türkmenistan hem geljekde awstraliýalylaryň syýahat etjek ýerleriniň biri bolar.

Azatlyk Radiosy: Türkmen hökümeti soňky 2-3 ýyl bäri ýurduň turizm senagatyny ösdürmek ugrunda iş alyp barýar. Turizm boýunça baý tejribesi bolan Awstraliýa bu ugurda Türkmenistana nähili ýardam berip biler?

Braýn Lognaýn: Hawa, turizm boýunça Awstraliýanyň örän uly tejribesi bar. Ol ýerde turizm diňe bir dynç alyş diýmek däl, bu pudak Awstraliýanyň ykdysadyýetine hem uly girdeji berýär. Turizm örän köp iş orunlaryny döredýär, kiçi biznesleriň köpüsi turizme bagly. Bu ýurda gelýän adamlaryň islegelerini bilmekde we turizmiň iş ýüzünde durmuşa geçirilişi boýunça uly tejribämiz bar.

Meniň pikirimçe, häzirki wagtda dünýäniň dürli ýerlerine syýahat edenlerinde, adamlar belli-belli zatlary görmek isleýärler. Meniň berjek maslahatym şeýle: Türkmenistan tebigy aýratynlyklaryndan peýdalanmaly we ony mahabatlandyrmaly. Bu örän möhüm. Sebäbi adamlaryň iselgi şeýleräk: olar gaýry ýurtlarda öz ýurtlarynda görüp bilmeýän zatlaryny görmek isleýärler.

Awstraliýa köp adamlar üçin ekzotiki ýer, adaty bolmadyk haýwanlar we şuňa meňzeş zatlar bar. Turizmde nämäniň gowy işlemejekdigi we nämäniň gowy ýol aljakdygy hakynda tejribämiz bar. Milli turizm we kiçeňräk turizm boýunça biznesden biziň gowy başymyz çykýar.

Azatlyk Radiosy: Meniň soňky soragym, siziň partiýaňyz barada. Awstraliýanyň “Liberal partiýasy” soňky geçirilen üç saýlawyň ikisinde ýeňiş gazandy. Ýeňiz gazanmagyňyza getiren saýlaw kampaniýalaryňyzda alyp baran esasy strategiýaňyz näme boldy?

Braýn Lognaýn:
Awstraliýanyň adaty ýaşaýjylary üçin iň möhüm zat – ykdysadyýetiň güýji, iş orunlarynyň howpsuzlygy we geljege umytly garamak. Şu ýyl geçiriljek saýlawlarda esasy üns berjek zadymyz hem şular bolar. Awtraliýanyň global maliýe krizisden iň gowy usulda goralmagyna we möhüm döwlet infrastrukturalaryna, şeýle-de saglyk pudagynyň kämilleşdirilmegi ýaly sosial meselelere ünsi çekeris. Şu wezipeleri iň gowy başaryp biljek partiýa hem ýeňiji bolar.
XS
SM
MD
LG