Sepleriň elýeterliligi

Görnükli žurnalist Kupçinskiý aradan çykdy


Roman Kupçinskiý.

Roman Kupçinskiý.

Azatlyk radiosynyň Ukrain gullugyna köp ýyllap Roman Kupçinskiý ýolbaşçy bolup, Ukrainada demokratiýanyň ornaşmagy ugrunda yzygiderli tagallalar etdi. Kärdeşimiz Azatlyk Radiosynyň türkmen gullugyna Türkmenistanyň gaz eksport problemalary barasynda köp gezek interwýular beripdi. Roman Kupçinskiý Waşingtonda 19-njy ýanwarda agyr keselden, rak derdinden aradan çykdy. Kärdeşimize jaýyň jennetden bolsun diýýäris.

Roman Kupçinskiý aňsatlyk bilen äsgermezlik eder ýaly bir adam däldi. Sakgalyna darak degmedik, ýüzi-gözi mydama bulaşygrak bolan Kupçinskiý islendik ýagdaýda halkyň ünsüni özüne çekmegi-de başaran adamdy.

Onuň agyr, emma geň-taň degişmeleri, wezipesi ministr bolsun ýa öz komandasynyň ýaş işgäri, hemmeler üçin deňdi. Onuň daşky sypatyna garamazdan, Orsýet bilen Ukrainanyň serhet meseleleri we Günbatar bilen Gündogaryň bölünişigi barada orta atan syny gaty ýerlikli bolupdy.

Ruhy taýdan mydama öz watany bolan Ukraina bagly bolup, ol öz bitiren işleri boýunça Ukrainanyň özbaşdaklygy üçin hiç haçan ýatdan çykaryp bolmajak täsirler galdyrdy. Ol Ukraina we postsowet ýurtlarynda aşa ornaşan korrupsiýa barada, şeýle-de Orsýet bilen Gündogar Ýewropada ýerleşýän ýurtlaryň arasynda energiýa meseleleri boýunça makalalar ýazdy.

Ýakyndan tanaýanlar ýatlaýar

Kupçinskini ýakyndan tanaýan we häzirki döwürde Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň gepleşikleri boýunça ýolbaşçysynyň orunbasary Mardo Sogom öz ýatlamalaryny şeýle beýan edýär: “Ol öz ýurdunda ornaşan korrupsiýa, syýasy açgözlük, halk bähbidine gulak asmaýan ýolbaşçylary eksponirlemek boýunça gaty uly iş alyp bardy. Ol bu işi amala aşyryp bilenligi we bu barada barlaglar geçirip, habarlar çap edip bilenligi, şeýle-de tutynyň aňyrsynda nämeleriň bolup geçýänligini, syýasy we ykdysady taýdan korrumpirlenen elitanyň ýagdaýlarynyň nähilidigini halka ýetirip bilenligi üçin gaty şatdy” diýip, Sogom aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň häzirki ýolbaşçysy Irena Çalpupa Kupçinskiniň Ukraina ýetiren täsirini tassyklady. Ol Kupçinskiniň Ukrainanyň gaz kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen bagly waka boýunça çap eden habaryny ýatlap, şeýle diýdi: “Bu makala çap edilenden iki hepde soňra, gaz kompaniýasynyň ýolbaşçysy wezipesinden çekildi. Hatda ol “Azatlygyň” şemalynyň özüne degenligini hem agzapdy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň prezidenti Jeff Gedmın, Kupçinskiniň rak, ýagny düwnük keseline garşy mertlik, maýyl edijilik bilen göreşenligini mälim etdi: “Onuň şatlyk duýgusy ýatdan çykar ýaly däldi. Ol aradan çykmazyndan iki aý ozal Azatlyk Radiosynyň Waşingtondaky edarasynda geçirilen bir programmada eden çykyşynda şeýle diýipdi: “Men geçen gije gaty erbet habar aldym. Meniň NATO agza bolmak barada beren ýüzlenmäm ret edilipdir. Bu meniň ýüzlenmämiň dördünji gezek ret edilişidir. Men maňa garşy bir dildüwşügiň bardygyny güman edip başladym. Şol bir wagtyň özünde-de “Bütindünýa banky” hem meniň şol edarada hasap açmak baradaky ýüzlenmäme jogap bermedi, bu alada galar ýaly bir ýagdaýdyr. Her näme-de bolsa, siz meniň häzirki ýagdaýymdan habardar bolduňyz, men NATO-nyň meniň arzamy ret edenligi üçin janyma kast etmäge-hä taýýar däl, emma bu ugurda göreşmäge taýýar”.

Kupçinskiniň terjimehaly

Roman Kupçinskiý 1949-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Wena şäherinde dogulýar. Şol ýyl hem onuň ene-atasy Birleşen Ştatlara göçüp barýar.

Birleşen Ştatlarda ösüp-ulalan Kupçinskiý Nýu Ýorkuň golaýynda ýerleşýän “Long Island Uniwersitetinde” ýokary okuwy tamamlandan soňra, Birleşen Ştatlaryň harby goşunlarynyň hatarynda Wýetnamda gulluk edýär. Söweşlerde ýaralananlygy sebäpli ol “Mawy ýürek” atly sylaga hem mynasyp bolýar.

Ol soňra Birleşen Ştatlarda ýerleşýän we ukrain dilinde barlaglar geçirýän edarada 10 ýyl töweregi işleýär.

1970-nji ýylda Sowet syýasy tussaglaryny goramak boýunça komitetiň ýolbaşçysy wezipesine saýlanyp, zähmet lagerlerine iberilen hukuk goraýjy aktiwistleriň hak-hukuklaryny goramak arkaly at gazandy.

Ol 1990-2002-nji ýyllar aralygynda Azatlyk Radiosynyň Ukraina gullugynyň ýolbaşçysy wezipesini ýerine ýetirdi. Ol soňra radionyň synçysy hökmünde işläp, 2008-nji ýylda hem wezipesinden çekildi.

Onuň Markiýan atly bir ogly bar. Kupçinskiý Arlingtonda we Wirjiniýada ýaşapdy, onuň jesedi bolsa Birleşen Ştatlaryň Airlington milli mazarystanlygynda harby sylaglar bilen jaýlanar.
XS
SM
MD
LG